BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY ÝÜREKLERIŇ JOŞGUNY

— 11-nji fewralda ýurdumyzda uly syýasy waka boldy. Biz hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bolup, oňa işeňňir gatnaşdyk. Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhy söz sözledi we ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşleriniň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygyny aýtdy. Öňümizde duran 30 ýylyň içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň çäklerinde göz öňünde tutulýan iri gurluşyklar bar, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, ýaşlar üçin iş orunlaryny döretmek, olaryň bilim almagy, döretmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar. Geljekde ýurdumyzy durmuş ykdysady, medeni taýdan ösdürmäge niýetlenilen täze maksatnamada ýurdumyzda, şol sanda Mary welaýatynda hem ýene-de uludan-uly sepgitlere ýetmek meýilleşdirilýär. Kuwwatly kärhanalary gurmak, ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmek bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde döwlet dolandyryşynyň täze döwründe ýaşlara ýol bermek, olary hemmetaraplaýyn goldamak barada aýdanlary bizi örän tolgundyrdy. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip belleýär, bize ähli şertleri döredip berýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda täzeçe pikirlenýän, öz ugurlary boýunça dünýäniň iň oňat tejribelerinden habarly bolan ýaş nesil kemala geldi. Ýaşlaryň ýokary wezipelerde abraý bilen zähmet çekmekleri üçin hem ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda bize — türkmen ýaşlaryna nusgalyk zähmet ýoluny geçen we baý durmuş tejribesini toplan hormatly Prezidentimiziň halypalyk sargytlary, şahsy göreldesi nusgalyk ýol-ýörelgedir. Biz belent borjy abraý bilen ýerine ýetirip biljek ýaş ýolbaşçylara döwlet işlerini ynanmak, olara ýardam bermek baradaky başlangyja tüýs ýürekden buýsanýarys we goldaýarys. Milli Liderimiziň bu döwletli başlangyjy täze maksatnamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Öz halkynyň eşretli günlerde ýaşamagy üçin asylly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Maksat JANMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY