Dutar – medeni diplomatiýanyň özboluşly guraly

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Bagşyly halk – bagtly halk” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa degişli edaralaryň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň A.Öwezberdiýewa adyndaky 5-nji orta mekdebiniň baýry mugallymy, dutar ussasy Meretmyrat Amansähedow,  Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungat ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň laureaty Çaryýar Jumaýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Batyr Kairow,  dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Almanar Ýazberdiýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň meýletinçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Aýbölek Kakabaýewa çykyş etdiler.

Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli mirasy goramak, dikeltmek we halkara derejesini beýgeltmek babatynda alnyp barylýan giň gerimli işler barada giň maglumatlar berildi. Esasan hem ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda ajaýyp waka öwrülen “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň jemgyýetçilik ähmiýetine uly baha berildi we bu buýsançly wakanyň ilkinji nobatda Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli we dost-doganlyk gatnaşyklara gönükdirilen medeni diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşidigi, milli mirasymyzyň we medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň mysalydygy bellenip geçildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň  Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden taryhy çykyşynda döwleti dolandyrmak işlerine ýaşlary  has köp çekmek barada teklipleriniň milli däplerimiziň ösdürilmeginde eýeleýän mynasyp orny barada aýratyn nygtalyp geçildi.

Dabaraly maslahatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we halypa bagşy-sazandalarymyzyň ýokary ussatlyk bilen dutarda ýerine ýetiren  aýdym-sazlary we halypa sazandalaryň dutarçylyk barada beren gyzykly gürrüňleri gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar bütin dünýä halklaryny el-ele berip, parahatçylyk söýüji, ynsanperwer, dost-doganlyk ýollaryndan ýöremäge çagyrýan Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Kakabaýewa Aýbölek,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.

Meňzeş habarlar