2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Oňa degişli edaralaryň wekilleri, uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory Göwher Akmyradowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Aýgül Ýagşyýewa, Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Akmyrat Çaryýew, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň meýletinçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Jemal Rematullaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Merdan Nuryýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Jennet Babaýewa, we şol uniwersitetiň talyby Sülgün Bazarowa çykyş etdiler.
Çykyş edenler türkmen dutarynyň we bagşyçylyk sungatynyň ýeten bu belent derejesi ilkinji nobatda Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dikeltmek we bütewiligi bilen ösüp gelýän nesillerimize ýetirmek babatynda alyp barýan giň gerimli işleriniň aýdyň netijesidigi, hoşniýetli medeni diplomatiýasynyň halkara giňişliginde gazanan nobatdaky belent ýeňşidigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Esasan hem, Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden taryhy çykyşynda milletimiziň taryhy aň-düşünjesini kämilleşdirmek boýunça işlerimizi mundan beýläk-de dowam etjekdigini aýratyn belländigi we “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek mähriban halkymyza gutlag sözlerini aýdandygy dogrusynda bellenip geçildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaş nesiller biziň ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmasydyr, Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüş ýoluny olar kesgitlemelidirler” diýen parasatly jümlesine aýratyn ünsi çekdiler.
Dabaraly maslahatyň dowamynda halypa bagşy-sazandalarymyzyň we uniwersitetiň talyplarynyň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary oňa aýratyn öwüşgin berdi.
Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň milli mirasynyň dünýä giňişligindäki abraýyny, mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Jemal Rematullaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.