Ösüşli ýollarmyzyň nyşany ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we milli mirasydyr

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ösüşli ýollarmyzyň nyşany ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we milli mirasydyr» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bagtyýar ýaşlar, atçylyk ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty giň äleme doldy. Durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmedik türkmen halkynyň öz behişdi bedewlerine bolan söýgüsi çäksizdir. Türkmen behişdi bedewini uçar ganaty saýýar. Bu gün özüniň owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy ajaýyp aýdym-sazlarda, goşgy setirlerde ýetirilýär.

Maslahat duşuşygynyň dowamynda halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini tutuş kalby bilen kabul edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ahalteke atlarynyň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgeleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi diýip çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty arşa göterýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdiler.