«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek

«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň

 

DÜZGÜNNAMASY

 

         Garaşsyz, hemişelik  Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep-gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär.

         Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklar giň gerimde ösdürilýär.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyz döredijiliginde Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

 

  • Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.
  • Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary – goşgulary we poemalary, publisistik makalalary we oçerkleri hem-de hekaýalary we oýlanmalary taýýarlamak boýunça geçirilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar öz döredýän eserlerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edip, taýýarlanan döredijilik eserlerini 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
  • Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Berkarar döwletiň ylham joşguny» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki (4 sany) fotosuratlary, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) goşmalydyrlar.
  • Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.
  • Bäsleşigiň jemleri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2022-nji ýylyň iýun aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

         Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604,

         Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.

 

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-85; 44-88-79;

 

«Nesil» gazetiniň redaksiýasy: 39-95-26;