2021-2022-nji okuw ýylynyň „Soňky jaň“ dabarasy „Bagtyýarlygyň uçurymlary“ atly şygar astynda welaýatymyzyň Merkezi kitaphanasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şatlyga beslenen bu dabarada Balkan welaýatynyň Baş Bilim müdirliginiň, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň işjeň agzalary, tejribeli mugallymlar, welaýat we şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, ýaş uçurymlaryň ata-eneleri, deň-duşlary gatnaşdylar. Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanan dabarada hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzyň bilim işgärlerine, mugallymlara, mekdep uçurymlaryna, gutlagy okaldy. Mugallymlar, ata-eneler mekdebi tamamlap uly durmuşa gadam basýan uçurymlara ýürek tolgunmadan, buýsançdan doly sözlerini aýtdylar, hemişe ýagşylygyň tarypyny tutyp, tutanýerlilik hem maksada okgunlylyk bilen öňe tarap gadam urmagy, yhlasly zähmet bilen ene topragyň halal duzyny haklamagy sargyt etdiler. Soňra “Soňky jaň“ dabarasynda mekdebi has tapawutly bahalar bilen tamamlan uçurymlara, şeýle hem “Çagalyk öýünde” terbiýelenýän orta mekdebini tamamlaýan uçurymlara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Asmana uçurylan ak kepderiler arşa göterilen ak arzuwlary ýada salyp, göwünlere ganat berdi. Hemmeleri gurşap alan ruhybelentlik il agzybirliginiň, ýurt asudalygyň altyn binýadyny has-da berketdi. Watanymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, ilimiziň agzybirligi, jebisligi we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra çeper höwesjeňleriň Watanyň, il ýurdyň, döwletli döwranymyzyň waspyny edýän şirin owazly aýdym-sazlarydyr joşgunly tanslary, küşdepdileri, gazallary belentden-belent ýaňlanyp, ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Gültäç Alyhanowa,
TMÝG-niň Balkan welaýat
Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.