Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi, Aşgabat şäher Geňeşleriniň guramagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilmegine bagyşlanyp “Hormatly Prezidentimiziň hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we parahatçylyk ýörelgeleri – ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň kepili” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” otelinde geçirilen 15-nji sammitiň gün tertibi, garalyp geçilen meseleler, YHG döredilen döwründen başlap, guramanyň meýdançasy oňa agza döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde netijeli gurala öwrülendigini bu guramanyň ýokary derejedäki duşuşyklary meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmakda, onuň giňişliginde sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň iň esasy hem-de ileri tutulýan mowzuklary boýunça çözgütleri kabul etmekde örän gowy mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy. Munuň özi uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär. Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda milli Liderimiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny aýratyn nygtamagy bu sammitiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Häzirki wagtda YHG tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde tehnologiýa, aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek zerurlygy ýüze çykýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu duşuşygyň barşynda geljekde uly mümkinçilikleri açýan ugurlar boýunça hem netijeli gepleşikleriň geçiriljekdigine ynam bildirdi.