Ädimme-ädim, bu gün ýaş alym!

Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziñ ösüş-özgerişleri, hormatly Prezidentimiziñ parahat durmuş, ýaş nesilleriñ nurana geljegi üçin amala aşyrýan beýik işleri uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliñ eşretli durmuşyñ hözirini görip ýaşamagy, bilim terbiýe almagy, ylym we hünär öwrenmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýär.

 Ýurdumyzda her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniñ bilelikde gurnamagynda türkmen ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edilýär. Bu bäsleşik "Halkyñ Arkadagly zamanasy" diýen beýik şygar bilen atlandyrylan  2022-nji ýyl üçin hem yglan edildi.

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, giň gözýetimli, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy  pikirlerini   milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini  rowaçlandyrmak  maksady bilen geçirilýän bu bäsleşikde maña hem "Türkmenistan-ÝUNESKO: Halkara hyzmatdaşlygyñ hukuk esaslary" atly ylmy işim bilen gatnaşyp ýeñiji bolmak we hormatly Prezidentimiziñ şa serpaýyna eýe bolmak bagty miýesser etdi. Her bir ýaş nesliñ durmuşda özüniñ mynasyp ornuny tapmagy, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirip ylym dünýäsine giñden aralaşmagy üçin taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziñ biz ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri sanardan örän köpdür. Ýurdumyzda her ýyl 12-nji iýun Ylymlar güni mynasybetli jemi jemlenýän bu bäsleşik hem ylma teşne ýaşlary täzeçil ylmy gözlegleriñ üstünde işlemäge, döredijilik bilen meşgullanmaga uly itergi beriji güýç bolup durýar. Şeýle ajaýyp zamanada Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Serdarymyzyñ biz ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödäp, geljekde türkmen diplomatiýasynyñ ösüşine uly goşant goşjak ussat hünärmenler bolup ýetişmek ugrynda ähli yhlasymy gaýgyrmajakdygymyza çyn ýüregimden ynandyrasym gelýär.

Goý, biz ýaşlara halkara ülñülerine laýyk gelýän ýokary derejeli ylym-bilim almaga, döredijilik bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsyn. Il bähbitli, bütinadamzat ähmiýetli tutýan tutymly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Hatyja DÖWLETNAZAROWA,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara hukugy

fakultetiniñ III ýyl talyby,

Türkmenistanyñ Ýaşlar baýragynyñ eýesi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY