Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işlerinde uly öňe gidişlikler gazanylyp, häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ösüşinde aýdyň ýüze çykýar. Indi türkmeniň milli ruhy dünýäsi, medeni mirasy, özboluşly dünýägaraýşy kemala geldi. Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsançlary, milli häsiýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi siňipdir. Milli sungatyň hem iň täze görnüşi dizaýn sungatydyr.
Dizaýn – XX asyrda döredilen sungat görnüşleriniň iň üýtgeşigi we giň ýaýranydyr. Dizaýnyň öňünde goýýan esasy üç sany maksady bolýar: owadanlyk, tygşytlylyk we amatlylyk. Adam aňynyň gün-günden kämilleşmegi netijesinde, ol islendik zadyň has kämil, ýokary derejede bolmagyny isleýär. Dizaýn diýlende göz öňüňde ilki bilen gözellik janlanýar. Gözellik biziň durmuşumyzda ulanylýan ähli zatlaryň bezegidir. Durmuşyň dürli ugurlarynda netijeli ösüşleriň gazanylmagy dizaýnerleriň işi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Dizaýn hünäriniň çeperçilik bezeg taraplaryny öwredip, kämil hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasydyr. Dizaýn hünäri boýunça bilim alýan talyplar binagärlik gurşawynyň bezegini we bezeg eserleri boýunça kämilleşdirilýär. Olar 6 ýylyň dowamynda alan bilimlerini diplom işlerinde görkezýärler. Dizaýn kafedrasynyň diplom goragy iýun aýynyň 14-ne ýokary okuw mekdebiniň sergiler jaýynda dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Ahal welaýatynyň “Ülkäni öwreniş muzeýiniň” Nusaý bölüminiň bezegini Gurbanalyýew Muhammet we Annamuradow Wepa bilelikde taslamasyny ýerine ýetirdiler. Taslamada gelejekde meýilleşdirilýän muzeýiň içindäki bir bezeg bölümi ýerine ýetirilipdir. “Nusaý” diýip atlandyrylan bölümde talyplar Nusaý ýadygärliginiň binagärlik däplerini ulanyp, ýadygärlige mahsus gala bilen taslama jemlenýär.
Didar Amanow türkmeniň ak öýünden nusga alyp täze döwrebap äheňde häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň içki dizaýn taslamasyny türkmen milli binagärlik ýörelgeleri bilen ýerine ýetiripdir. Bu ýaşaýyş jaýy girelge zaly, aşhana, myhman otagy, ýatylýan otaglary çeper bezegler esasynda türkmen milli nagyşlarynyň üsti bilen bezelipdir. Bu ýaşaýyş jaýynyň içki dizaýn taslamasy häzirki döwrüň ähli amatlyklaryny öz içine alyp, döwrebap akylly öý tehnologiýalary bilen üpjün edilen.
Ýaş dizaýn suratkeş Azalow Gammaryň “Parahatçylyk” medeni dynç alyş seýilgähiniň taslamasy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şäher gurluşyk çözgütleri we milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Seýilgähiň umumy meýdany 510 000 m2 tutýan bu seýilgäh dynç almak üçin ähli zerur şertler jemlenen. Seýilgäh häzirki döwriň ähli amatlyklaryny öz içine alyp çagalar üçin oýun meýdançalary, sport meýdançalary, uly ýaşly adamlar üçin hem dynç alyş merkezleri bar. Agaçlaryň saýasynda körpeleriň oýnamagy üçin niýetlenen meýdança oýun attraksionlary ýerleşdirlendir. Adamlara has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi erkin dynç almaklaryna döredilýän şertleriň netijesidir.
Atdaýewa Jahanyň “Ösüş” medeni dynç alyş seýilgähiniň dizaýn taslamasy hem şeýle amatlyklar göz öňünde tutulan, umumy meýdany 64 ga tutýan seýilgäh dynç almak üçin niýetlenendir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bezeg taslamasy ýurdumyzda gurulýan binagärçilige teklip edilip ýerine ýetirilipdir.
Dizaýn sungaty hyýaly döredijiligi talap edýär we dizaýner bolmak üçin täze-täze pikirleriň gözleginde bolmaly. Orazmämmet Orazmämmedowyň “Bagtyýar nesil” çagalar bagynyň içki dizaýn taslamasy türkmen milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýär. Bu taslamada çagalar bagy 4 topara bölünýär. Taslamanyň merkezinde adam saglygyna peýdaly bolan “ýüzärlikden” ugur alnyp, haşam bezegli mebel ýerleşdirilen. Çagalar bagy häzirki döwrüň ähli amatlyklaryny öz içine alyp çagalar üçin oýun meýdançalary, dynç alyş otaglary göz öňüne tutulypdyr.
Dizaýnyň döwrebap dünýäsinde dizaýneriň oýlap tapyjylykly döredijiliginiň birnäçe görnüşlerini bellemek bolar. Islendik zada çeperçilik we takyklygyň üsti bilen sadadan owadanlygy, sazlaşyklylygy, bitewiligi, özboluşlylygy, täsirliligi, döwrebaplylygy, milliligi şeýle hem ajaýyp görnüşi berip bilýän hünärmenlere dizaýner diýilýär. Geldiýewa Güljahanyň “Melhem otlary” atly temadan (5 bölekden düzülen) haşam dizaýn işi türkmen topragynyň jana şypaly dermanlyk ösümliklerini görkezýär. Bu dizaýn işde çopantelpegiň güli, narpyzyň ýapragy, üzärlik oty, käkilik oty we ýandagyň güli matanyň ýüzinde işlenip görkezilýär. Dizaýn suratkeşi Ismailowa Şahlonuň hem “Tebigatyň bereketi” atly temadan batik usulynda germewiň dizaýny türkmen topragynyň naz-nygmatlarynyň bollugyny wasp edýär. Oguljemal Meredowanyň “Tebigat” atly temadan (3 bölekden) batik işi tut agajy, leýlisaç agajy, çynar agajy bilen pasyllaryň çalyşygyny ýagny tut agajynda ýazy, leýlisaçda tomusy, çynar agajynyň sary ýapraklarynda bolsa güýz paslyny janlandyrýan bolsa, Hommadowa Aksoltan “Rowaçlyk” atly 3 bölekden ybarat haşam dizaýn işinde garlawajyň, kepderiniň we laçyn guşynyň keşpleriniň üsti bilen Garaşsyz we baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny we ösüp rowaçlyklara beslenýändigini doly derejede beýan edipdirler.
Dizaýn daş-töweregi gurşap alan zatlar dünýäsiniň gözellige ymtylýan adam isleglerini, häzirki zaman talaplaryna we mümkinçiliklerine gabat gelýän önümçilik bilen baglanyşdyryp bilýär. Bu günki gün jemgyýetde dizaýnerleriň eýeleýän orny düýpgöter tapawutlanýar we hünäre bolan zerurlyk ýylsaýyn däl, hatda günsaýyn artyp barýar. Bu barada bize hormatly Arkadagymyz: “Häzirki döwürde dizaýnerleriň işi ýokary isleg bildirilýän hünärleriň birine öwrüldi. Häzir dizaýnerler üçin örän uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzda gurulýan ähli binalaryň gözel keşpleri we amatly bolmagy üçin zerur şertler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa dizaýnerleriň işiniň hemişe köp boljakdygyny aňladýar” diýmek bilen, bu hünäriň näderejede möhümdigini, şeýle hem ýaş dizaýnerleri taýýarlamagyň wajyp ähmiýete eýedigini aýratyn nygtaýar.
Dizaýn hünäriniň uçurymlary gelejekde ýurdumyzy gözel keşbe getirjek ýaş hünärmenlerdir. Türkmen sungatyny dünýä tanatmakda, özüniň gözbaşyny çuň gadymyýetden alyp gaýdan sungatyň häzirki günde has-da kämilleşip dünýä derejesinde döwrebaplaşan milli äheňlerini durmuşa girizmekde ýaş dizaýnerleriň bitirjek işleri örän ulydyr.
Gurbanmuhammedowa Nowgül
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
3-nji ýyl talyby