“Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary”

Balkan welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Balkan welaýat Geňeşi, welaýat jemgyýetçilik guramalary, welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi bilen bilelikde Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda 14-nji iýunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlap geçiren maslahatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary” ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň: “Watan üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar diýip” aýdan sözlerini buýsanç bilen belläp geçdiler. Hakykatdanda ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly bilimli bolmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýoluny saýlap almagy üçin uly şertler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyndaky şeýle düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýaşlarymyzyň hil babatda  dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikleriň altyn gapylary açyldy. Indi ýaşlarymyz orta mekdeplerde kämil kompýuterleriň, okatmagyň iň kämil usullaryndan, ösen tehnologiýalarynyň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Ýaş nesil üçin gurulýan häzirki zaman çagalar baglarydyr ak mekdepleriň sany bolsa ýylsaýyn artýar. Bu gün türkmen ýaşlary orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem, diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýäniň ençeme ýurtlarynda öz saýlap alan hünärleri boýunça döwrebap bilim alýarlar.

Biz hem, TMÝG-niň agzybir  işgärleri bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň biziň öňümizde goýýan wezipelerini ak ýürekden durmuşa geçirmekde, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşup bagtyýar zamanamyza mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öz zähmetimizi gaýgyrmajakdygymyzy ynandyrýarys.

Goý, Ýaşlaryň hak howandary Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, belent başy aman bolsun.

 

 

Sähragül IŞANOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY