“Ahlak arassalygy ruhy-tämizlik”

2022-nji ýylyň iýun aýynyň 15-ine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi, Baýramaly etrabynyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Milli mirasymyzy, ajaýyp däp-dessurlarymyzy,  edep-ekramlygy, maşgala mukaddesliklerini wagyz etmek maksady bilen Baýramaly etrabynyň merkezi kitaphanasynda zähmet çekýän ýaş gelin-gyzlaryň arasynda “Ahlak arassalygy ruhy-tämizlik” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň  dowamynda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni O.Allaberdiýewa, merkezi kitaphanasynyň müdiri M.Geldiýewa dagylar çykyş etdiler. Duşuşykda gadymy milliligimizi, gelin-gyzlaryň gylyk-häsiýetlerini, milli mirasymyzy, türkmen halkynyň gadymy ýörelgelerini, ahlak arassalygy we häzirki döwrümiziň ýeten derejeleri barada gürrüň etdiler. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy uly many mazmuna eýe boldy.

 

 

Azat MUHIÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy

hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY