Eziz Watanymyz Türkmenistan, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlap, bedew bady bilen barha öňe barýar. Garaşsyz ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar jemgyýetimiziň abadan durmuşyny we asyda ösüşini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kabul edilýän kanunlar dünýä derejesindäki kämilligi bilen tapawutlanýar.
Golaýda has takygy şu ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda dürli kärlerde işleýän we dürli ugurlarda okaýan ýaşlar bilen geçiren duşuşygy hem aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň Ýaşlar bilen duşuşmagy hem-de “Ýaşlar barada Türkmenistanyň Kanuna” täzeden seretmek boýunça hem-de Ýaşlara döredilýän Döwlet ýeňillikleri bilen bagly täzeçil teklipleri ýygnaga gatnaşan, galybersede ýurdumyzyň ähli ýaşlary tarapyndan örän ýokary goldaw tapdy.
Elbetde “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň potensialyny ösdürmek we durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertleriniň kepilliklerini döretmegi, ýaşlary aň we durmuş taýdan Watançy, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýýan ruhynda terbiýelemek hem-de il-ýurt bähbitli döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaş raýatlaryň dogry düşünmegini gazanmaklygy üpjün edýär.
Şol nukdaýnazardan hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gaýtadan seredilmegi bilen bu ugurda öň alnyp barylýan işleriň has-da kämilleşdirilmegini, bu ugurda iş alyp barýan guramalaryň işini döwrüň talabyna laýyk getirilmegini gazanmak, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak, şeýle hem ýaşlaryň döwletimiziň iň gowy mümkinçiliklerinden we ýeňilliklerinden peýdalanmaga bolan hukuklaryny kepillendirmek maksat edinilýär.
Kanuna teklipler berilende millilik, döwrebaplylyk we halkara tejribesi göz öňünde tutulmalydyr. Kökleri müňýyllyklara uzaýan halkymyzyň asylly, baý milli däp-dessurlaryna, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň häzirki zaman talaplaryna, milli aýratynlyklaryna doly laýyk getirilen, uzak geljegi nazarlaýan, ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşyny kepillendirýän, teklipler “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda ýokary ähmiýete eýe bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ýörelgeleriniň durmuşa geçirilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hukuk goraglylygyň üpjün edilýändigini we olaryň bagtly durmuşy üçin ähli şertleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen aýdyp bileris.
“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleriň girizilmegi Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň esasy ýörelgelerini kesgitlemekde we Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem ýaşlar birleşikleriniň hukuklaryny amala aşyrmagy kepillendirmekde möhüm ädimleriň biri bolar. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň bu Kanuna üýtgetmeleriň girizilmegi bilen bagly teklibi ýurdumyzyň ýaşlaryny çäksiz begendirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, ýaşlar hem öz gezeginde Berkarar döwletimiziň ykdysady binýadyny has-da berkitmekde, ýurdumyzda amala aşyrylýan halk bähbitli durmuş ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde yhlasly okamagy, halal döredijilikli zähmet çekmegi özlerine mukaddes borç hasaplaýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri, olaryň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza berk jan saglygyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
G.ANNANUROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.