Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly baý many-mazmuna ýugrulan kitabynda: «Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň medeniýetdigini hiç hili oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş düre, ruh bakylyga öwrülýändir...» diýýär. Şeýle dürdäne sözlerden soň medeniýet bilen baglanyşykly iň ajaýyp pikirler seriňe dolýar.
Täze taryhy zamanamyzda medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde döredijilik we hünär taýýarlygyny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Şu giň mümkinçilikleriň ulanylmagy bolsa jemgyýetimizde bolup geçýän dünýä nusgalyk özgertmeleri doly derejede ýaýbaňlandyrmaga, mähriban Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmäge hem-de ýetilen sepgitler bilen öňde goýlan maksatlary deňeşdirmäge, halkymyzyň nobatdaky ösüşlere tarap ynamly gadamlaryny artdyrmaga ýardam edýär.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan dabara hem hut şu maksatlardan ugur aldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Kalpda ylham, dilde joşgun, asuda Watan bagtyýar, Arkadagly Serdar bilen milli medeniýet galkynýar» diýlip atlandyryldy. Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna öňdebaryjy ýaşlaryň köpsanlysy uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Milli medeniýetimiziň gül açýan zamanasynda şeýle ajaýyp toýlaryň toýlanylmagy, ynsan ykballaryna ruhy lezzet paýlaýar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabarada owadan aýdym-sazlara, sahna oýunlaryna, çeper okaýyşlara giň orun berildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp zamanamyzda milli medeniýetimizi has-da belent derejelere çykarmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Aýnagözel ANNANUROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.