SANLY BILIM ULGAMYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ýeten belent sepgitleri netijesinde, bilim edaralarynyň işi täze röwüşlere eýe bolýar. Bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde ýaş nesle berilýän bilim we terbiýe hem çuňlaşdyrylýar.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri terbiýeçileriň we mugallymlaryň sapaklaryny döwrebap guramagynda, döredijilikli zähmet çekmeginde örän uly ähmiýete eýe bolýar. Innowasion tehnologiýalar esasynda bilim bermegiň hili ýokary derejä eýe bolup, ýaş nesliň çagalykdan başlap, kompýuter tehnologiýalaryna erk edip bilmek başarnyklaryny artdyrdy. Olar elektron kitaplaryň döredilmegi we barha giň gerim bilen ýaýramagy netijesinde, özbaşdak islendik ýerde, islendik wagtda okamak mümkinçiliklerine eýe boldular. Bu bolsa ýaş nesliň döwrüň talabyna laýyklykda kemala gelmegine, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine güýçli itergi berýär.

Sanly ulgamyň giň gerim bilen ýaýramagy netijesinde, maglumat serişdelerinden çalt we elýeterli peýdalanmaga hem mümkinçilik döreýär. Elektron kitaplar amatly okuw serişdesi hasaplanylýar, okyjylar tarapyndan uly höwes bilen goldanylýar. Bu okyjynyň kitap okamaga sarp edýän zähmetini we kitaphana barmak üçin sarp edýän wagtyny tygşytlamaga ýardam edýär. Bilim işine internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy diňe bir elýeterli kitaphanalaryň hyzmatyndan däl-de, eýsem, dünýäniň islendik ýerindäki elektron kitaphanalardan peýdalanmaga hem şert döredýär. Bilim işgärleri üçin sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň biride, olaryň diňe bir okuw sapaklaryny geçirmek bilen baglanyşykly maglumatlary däl, eýsem, terbiýeçilik işlerini geçirmäge degişli pedagogik usullary hem elektron ýagdaýda ulanmaga şert döredýär. Bulara sapakdan daşary çäreleriň geçirilişi, maşgala bilen mekdebiň gatnaşygy, ata-eneler bilen arabaglanyşykly işler we çäreleriň usulyýeti degişli bolup biler.

Bilim berlişiniň hil derejesiniň halkara ülňülerine gabat getirilmegi, ýurtda alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň dowam etdirilmegi bilen birlikde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde hem bilim-terbiýeçilik işiniň sazlaşykly alnyp barylmagy esasy talaplaryň biri bolup durýar. Terbiýäniň döwrebaplygy, onuň durmuş bilen baglanyşygy esasy ugurlaryň biridir. Şunda ýaşlara netijeli bilim we terbiýe bermekde innowasion usullaryň, sanly serişdeleriň giň mümkinçilikleri örän uly ähmiýete eýedir.

Ogulsapar GURBANMYRADOWA,

Mary şäherindäki A.Ýazow adyndaky
6-njy orta mekdebiň mugallymy.

 

Mugallymlar gazeti, 13.06.2022ý.

Meňzeş habarlar