BILIMLI NESIL — DÖWLETIŇ KUWWATY

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy. Milli bilim ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmek işlerine-de bu maksatnamada uly orun berlendir. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çagalar baglaryndan başlap, bilim ulgamynyň ähli edaralary — umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri döwrüň ösen innowasion tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Şunda ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň häzirki zaman usuly bolan bakalawr we magistr görnüşleriniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyrylýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da kämilleşmeginde, hünärleriň ýöriteleşdirilen ugurlarynyň düýpli özleşdirilmeginde aýratyn orun eýeleýär.

Eziz Watanymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde hereket edýän Ýaş alymlar Geňeşi talyplaryň we ýaş mugallymlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, ylmy işleri alyp barmakda örän möhüm işleri durmuşa geçirýär. Her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça guralýan bäsleşik hem zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Onuň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Bäsleşigiň jemleriniň iýun aýynyň 12-sine, ýagny Ylymlar güni mynasybetli jemlenilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Munuň özi ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda-bilimde hem-de täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek, olaryň bu ugurdaky ylmy garaýyşlaryny ösdürmek ugrunda amal edilýän işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň aýdyň beýanydyr.

Dünýäde ylmyň, bilimiň we innowasion tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda, döwür bilen deň gadam urmaga ukyply, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak ýurduň mundan beýläkki gazanjak üstünlikleriniň ygtybarly binýady bolup durýar. Dünýä döwletleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi hem yzygiderli kämilleşýär. Onuň hataryna ýylda ýaş zehinleriň, täzeçil garaýyşly hünärmenleriň ençemesi goşulýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, öňde goýan asylly maksatlarynyň gözbaşynda ýaşlaryň bilimli, ylymly, ösen jemgyýetini kemala getirmek ýaly döwrüň möhüm talaby dur.

Goý, ýurdumyzy bilimler mekanyna, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

 

Sapargeldi DAŇATAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty,

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap

Halk Maslahatynyň agzasy.

 

 

“Aşgabat” gazeti,

09.06.2022ý.

Meňzeş habarlar