YLYMLAR DÜNÝÄSINDE ŞOWLY GADAMLAR

Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji or­ta mekdebiň uçurymy Begenç Bahramow hem ylmy gözleglerinde ilkinji şowly ädimleri ädýän zehinli ýaşlaryň biri. Ol mundan üç ýyl ozal, entek 9-njy synpda okaýarka öz mugallymy Bagtyýar Jumaýewiň ýakyndan goldaw bermeginde ylmy gözlegler bilen meşgullanyp başlady. Ýaş alym, esasan-da, nebitden oba hojalygynda ulanylýan serişdeleri öndürmeklige uly üns berdi, bu ugurda netijeli işi ýola goýdy. Golaýda Begenç Bahramow Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Wýetnam döwletinde sanly ulgam arkaly geçirilen halkara in­ternet olimpiadasyna öz taýýarlan «Nebitden ösümlikleriň ösüşini stimulirleýän maddanyň ekstraksiýasyny almagyň usuly» diýen ylmy-taslama işi bilen gatnaşdy. Tejribeli bilermenlerden ybarat toparyň çözgüdi bilen türkmenistanly ýaş alym bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edildi we altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimizi bu üstünligi we Ylymlar ni bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolduk. Taslama işiniň aýratynlygy, onuň önümçilikdäki ähmiýeti bilen bagly sowalymyza ol şeýle jogap berdi:

        Ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda köp işler amala aşyrylýar. Eýsem, ekinleriň hasyllylygyny nähili ýokarlandyrmaly?! Ine, mugallymymyz bilen şu meseläniň üstünde köp oýlandyk, gözlegleri alyp bardyk. Onuň çykalgasy hem tapyldy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan — nebite baý döwlet. Bu tebigy çig maldan ekinleriň boý alşyny, kemala gelşini ýokarlandyrmakda zerur bolan maddalary hem öndürip boljak eken. Biz öz taslama işimizi şeýle tertipde amala aşyrdyk. Ilki nebit bilen ben­zini garyşdyryp, 15 minut çemesi wagtlap saklamaly. Soňra bu ergini natriý gidrooksidi bilen baýlaşdyryp, ozonator atly enjamda biraz wagt saklamaly. Şolaryň özara gatyşmagyndan başga bir suwuklyk emele gelýär. Ortaça ýüz litr suwa şu suwuklygyň on gram çemesini goşup, galla ekinleriniň dänesini ezmeli. Ony bir gün çemesi şu suwuklykda saklap ekseň, ekinleriň gögerijilik ukyby artýar, çalt ösýär. Biz ony bugdaý tohumynyň mysalynda synag edip gördük. Şonuň ýaly-da synpdaşym Agabek Najmuddinow bilen şäherimiziň etegindäki nahalhanada sosna agajynyň tohumynda-da bu usuly synadyk. Nesip bolsa, halypalarymyz bilen bilelikde ýola goýan taslamamyz durmuşda giňden ulanylar diýip tama edýäris.

         Ýaş alym şu ýyl Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuwa girmegi göwnünde besleýär. Geljekde neýrohirurg lukmany bolmak onuň baş maksady. Onuň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hem zamanabap derejede ösdürilýär, ylmyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Bu ulgamyň işiniň hilini has-da ýokarlandyrmak üçin ylmy gözlegleri alyp barmaly, ylymdaky täzelikleri durmuşa ornaşdyrmaly. Biz bu ugurda öz ukyp-başarnygymyzy, zehinimizi gaýgyrmarys. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolanynda Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşygynda nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň geljegi şu günki ýaşlara baglydyr.

Biz hem ylymlar dünýäsine ýaňy gadam basan ýaş ildeşlerimize geljekde-de ähli şowlulyklary arzuwladyk.

 

Myrat TAGAN ogly,ýörite habarçy

 

 

“Türkmen gündogary” gazeti,

09.06.2022ý.

Indiki makala

YLHAMLY ÝAŞLARY

Meňzeş habarlar