Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň – ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Hormatly Prezidentimiziň «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni giňden wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna uly itergi berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär. Ajaýyp zamanamyzyň her bir gününiň eşreti, ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyzyň döredijiliginde Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän goşgularyň, poemalaryň, hekaýadyr oýlanmalaryň, publisistik makalalaryň, oçerkleriň içinden iň gowulary saýlanyldy.
Bäsleşigiň jemine görä, ýeňiji diýlip yglan edilen ýaş döredijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uludan baýram edilýän günlerine gabatlanyp, her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu döredijilik bäsleşik kalby ylhamly ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlary döredýär. Döredijilik äleminde täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.