KITAP — RUHY HAZYNA

Ynsan ömründe kitabyň tutýan orny örän uludyr. Onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehinini ýiteldiji güýç bar. Adam durmuşda elmydama täze zatlary öwrenmäge, bilmäge ymtylýar, täzelenişleriň, üýtgeşikligiň höwesinde ýaşaýar. Şonda kitap onuň okamaga, bilmäge, öwrenmäge teşne kalbyny gandyrýar. Çünki kitap ruhy hazynadyr. Kitap okaýarka, onda-da oňa tutuş durky-düýrmegi bilen berilýärkä, adam özüni düýbünden başgaça duýýar. Sebäbi ol bahasyz hazyna aralaşandygyny, öz içki dünýäsiniň hem baýlaşýandygyny aňlaýar. Uly höwes bilen okalýan kitaplar adama şeýle ajaýyp duýgulary bagyşlaýar.

Ki­tap ada­ma ru­hy hö­rek eçil­ýär. Bu ba­rada akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy: «Ki­tap okan gul­lar mag­ny­dan dok­dur» di­ýip bel­le­ýär. Hal­ky­myz­da ki­ta­ba, sö­z sun­ga­tyna uly sar­pa go­ýul­ýar, ola­ryň ga­dy­ry bi­lin­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ne­şir edi­lip, oky­jy­la­ra ýe­ti­ri­len «Paý­has çeş­me­si» at­ly aja­ýyp ki­tap­da­ky: «Bil­me­ýän za­dy­ňy ki­tap­dan so­ra», «Ki­tap oka­ma­ýan gör­ýä­ni­ni gö­rer, ki­tap oka­ýan dün­ýä­ni görer», «Ki­tap oka­ma­ýan bir di­li bi­ler, ki­tap oka­ýan kän di­li bi­ler», «Ki­tap ge­çe­ni, gel­jegi öw­red­ýän da­na», «Ki­tap bi­len söh­bet­deş bol­saň, ýü­re­giň gys­maz», «Ki­tap oka­ýa­nyň ru­hy baý», «Ki­tap eneň-ataň ýa­ly ter­bi­ýe­çidir», «Ki­ta­by har sak­la­mak gü­nä­dir» ýa­ly, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň baý dur­muş tej­ri­be­sinden dö­rän pa­ra­sat­ly söz­ler hal­ky­my­zyň kita­ba goý­ýan hor­ma­ty­nyň örän ulu­dy­gy­ny, aňyr­dan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Türk­men hal­ky he­mi­şe-de ki­ta­by mu­kad­des­lik sa­ýyp­dyr. Kita­by uly baý­lyk bi­lip, ony edin­mek üçin hiç za­dy­ny gaý­gyr­man­dyr. Maş­ga­la­sy­nyň eklenç çeş­me­si bo­lan ýe­ke­je gu­ba dü­ýe­si­ni hez­re­ti Mag­tym­gu­ly­nyň ki­ta­by­na çal­şan para­sat­ly türk­men ýa­şu­lu­sy­nyň edebiýatdaky keş­bi ýü­rek­ler­den ba­ky orun alan­dyr.

Ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji, aras­sa ahlak­ly, be­lent adam­kär­çi­lik­li, ru­hu­be­lent, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym­ly-bi­lim­li adam­lar edip ýe­tiş­dir­mek­de ola­ryň ki­ta­ba söý­gü­sini, oka­mak hö­we­si­ni art­dyr­ma­gyň örän uly äh­mi­ýe­ti bar. Bu ba­bat­da biz­de äh­li mümkin­çi­lik­ler, şert­ler dö­re­di­len. Ýur­du­my­zyň kitap­ha­na­la­ryn­da döw­re­bap iş usul­la­ryn­dan, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peý­da­la­nyl­ma­gy ki­tap­ha­na hyz­mat­la­ry­ny has-da kä­mil­leşdir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ne­sil nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zyň ter­bi­ýe­si bi­len bag­ly, pä­him-pa­ra­sat­ly pi­kirle­re baý bo­lan dür­dä­ne­le­ri, halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri, şol san­da gy­zyk­ly er­te­ki­ler­dir rowa­ýat­lar, ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň eser­le­ri döw­rebap de­re­je­de, ýo­ka­ry hil­li çap edi­lip, ki­tapha­na­la­ryň ki­tap go­ry has baý­laş­dy­ryl­dy. Bu ugur­da­ky iş­ler hä­zir­ki wagt­da hem yzy­gider­li do­wam et­di­ril­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şulu­sy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ge­çen aý­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tuty­na hem ba­ryp, ol ýer­de oka­ýan ta­lyp ýaş­lar, ola­ra bi­lim-ter­bi­ýe ber­ýän pro­fessor-mu­gal­lym­lar bi­len du­şuş­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şol ta­ry­hy du­şu­şyk­da aýdan: «Ki­ta­by sö­ýüň, ylym­ly-bi­lim­li ýaş­lar bo­lup, ata Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly gul­luk etmek be­ýik mer­te­be­dir», «Gel­jek si­ziň bi­lendir. Mun­dan beý­läk-de pa­jar­lap ös­mek üçin öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­menis­tan!» di­ýen dür­dä­ne söz­le­ri bag­ty­ýar türk­men ýaş­la­ry­nyň oka­ma­ga, öw­ren­mäge, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp goşant goş­ma­ga hö­we­si­ni has-da art­dyr­dy.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň sar­gyt­la­ry, öwüt-ün­dew­le­ri bag­ty­ýar ne­sil­ler üçin ýol-ýö­rel­ge­dir. Hor­matly Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­tap­la­ry ýaş nes­le kä­mil bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek­de, ola­ryň Wa­ta­na söýgü­si­ni art­dyr­mak­da gym­mat­ly gol­lan­ma­dyr. Şeý­le uly äh­mi­ýe­te eýe aja­ýyp eser­le­riň höwri köp bol­sun! Ýaş nes­liň bag­ty­ýar dur­mu­şy, röw­şen gel­je­gi ba­ra­da taý­syz ta­gal­la ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da ylym-bi­lim ulga­my­nyň, ki­tap­ha­na işi­niň kä­mil­leş­di­ril­megi ba­bat­da hem giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­nlary sag, öm­ürleri uzak, döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe rowaç bol­sun!

Gunça HOJAÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy

etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

 

“Türkmenistan” gazeti,

22.06.2022ý.

Meňzeş habarlar