Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Aýratyn hem bilim ulgamyny kämilleşdirmek we sanly bilimi has-da ösdürmek maksady bilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde umumybilim berýän orta mekdepleriň, ýokary we ýörite orta hünärment mekdepleriniň ähli bilim, ylym ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly goldaw boldy. Bularyň hemmesi asyrlara barabar beýik işlerdir. Bilim ulgamyna degişli täze binalar häzirki wagtda ýaş nesli okatmagyň ähli tapgyrlarynda giňden ulanylýan kämil we internete aralaşmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalar, şol sanda kompýuter, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw-terbiýeçilik merkezleri bolup hyzmat edýär.
Ýurdumyzyň dürli derejeli okuw mekdeplerinde päk zähmeti bilen tapawutlanýan mugallymlardyr bilim edaralarynyň beýleki hünärmenleri özleriniň hünärlerini kämilleşdirýärler, mugallymçylyk ussatlygyny ýokarlandyrýarlar, innowasion tejribelerini yzygiderli ösdürýärler. Munuň özi bilimi döwrebap ösdürmekde, sanly ulgamy has-da ýokary derejede durmuşa ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwrebap bilimiň binýady diňe kompýuter enjamlary bilen däl-de, eýsem, dünýä dillerini bilmekde hem jemlenýändir. Ýaş nesilleriň türkmen, iňlis, rus dillerinde erkin sözläp bilmekleri has-da ýakymlydyr. Olaryň diňe ene dilimizi däl, eýsem, dünýä dillerini suwara bilýändikleri biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlar dünýäniň ylmy edebiýatyny özleşdirmäge, türkmen diline terjime etmäge, edebiýatymyzy has-da baýlaşdyrmaga giň mümkinçilik tapýarlar. Şonuň üçin hem dil öwrenmegiň ähmiýeti ýokarydyr. Dil öwrenmek bilen bir hatarda kompýuterlere, döwrebap enjamlara erk edip bolýar.
Belent we asylly maksatlar myrada ýetirýär. Watanymyzyň şan-şöhraty äleme dolýar, ýurdumyz pajarlap ösýär, adamlaryň bagtyýarlygy, abadançylygy bu gün wysal bolýar. Ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şeýle belent üstünlikler bilim ulgamynda hem aýdyň netijelerini berýär. Biz muňa iň döwrebap ugurlarda, ýagny sanly bilimiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki ylym-bilimiň ösýän döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Ylym-bilimi ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
“Mugallymlar” gazeti,
27.06.2022ý.