YLMY KUWWAT ÖSDÜRILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny özgertmek we ösdürmek boýunça düýpli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ylym milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, onuň innowasion ösüşini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Bazar ykdysady gatnaşyklary şertlerinde halk hojalygynyň pudaklarynyň zerurlyklaryna gönükdirilen ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň derwaýyslygy has-da artýar.

Berkarar döwletimizde ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmeklige, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen köp sanly kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary, maksatnamalar we meýilnamalar kabul edildi. Döwlet tarapyndan ylma berilýän goldawlaryň netijesinde akademiki we pudaklaýyn ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ykdysadyýetiň pudaklary üçin geljegi uly ylmy barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işleri maliýeleşdirmeklige gönükdirilýän serişdeleriň möçberleri artýar.

Durnukly ösüşiň gazanylmagyna ýardam edýän täze bilimleri almak, innowasion tehnikalary, tehnologiýalary döretmek we önümçilige ornaşdyrmak ylmyň öňünde duran esasy wezipelerdir. Şu wezipeleriň çözgüdi ylmy-barlag we ylmy-tehniki işleriň guralyşyna hem-de alnyp barlyşyna baglydyr.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ýaýrawlarynyň innowasion ösüş ýoluna geçirilýän şertlerinde ýaşlaryň ylmy işlere gatnaşmagynyň gerimini giňeltmek möhümdir. Ýaşlar jemgyýetiň ösüşiniň ähmiýetli zähmet resurslary bolup, olar daşky üýtgemelere çalt uýgunlaşýarlar, önümçiligiň ýokary tehnologik ugurlaryny özleşdirýärler. Ýaş alymlaryň döredijilik we hünär derejesini ýokarlandyrmak, ukyp başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, üstünlik gazanmak islegleri, ýokary jogapkärçilik duýgusy bardyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli we oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda, ýaşlaryň sagdyn kemala gelmekleri, döwrebap bilim almaklary, ylym bilen içgin meşgullanmaklary, giň dünýägaraýyşly, kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler we zerur şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi, şeýle hem ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerde Ýaş alymlar Geňeşi döredildi. Onda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylmy işlere çekmek we olara ylmy gözlegleri geçirmekde degerli goldaw bermek boýunça möhüm işler alnyp barylýar.

Ýaşlaryň ylmy işjeňligini höweslendirmek alnyp barylýan ylmy syýasatyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ylmy işlere höwes, öz gezeginde, şahsyýetiň zerurlyklary we maksatlary, gyzyklanmalary, ynançlary, iş şertleri, daş-töweregindäki adamlar bilen gatnaşyklaryň aýratynlyklary ýaly ýagdaýlaryň täsirinde ýüze çykýar. Ylma bolan höwesiň içerki we daşarky sebäpleri ýa-da esaslary tapawutlandyrylýar.

Aýry-aýry döwletlerde ýaş alymlaryň ylmy barlag işleriniň höweslendiriji gurluşynyň köp taraplylygy hasaba alnyp geçirilen sosiologik barlaglar zähmet hakynyň derejesi, zähmetiň tehniki taýdan üpjünçiligi ýaly daşarky sebäplere garanyňda, ylmy barlaglara itergi, ylmy netijeleri almaga ymtylmak, öz bilimleriňi we başarnyklaryňy doly ulanmak, iş prosesinden lezzet almak, kanagatlanmak, intellektual taýdan üstünlige ýetmek, derwaýys meseleleri tapmak we çözmek bilen bagly içerki sebäpleriň ileri durýandygyny tassyklaýar. Yhlas etmek — ylmy işlere bolan höwesiň has ähmiýetlisi hasaplanýar. Ýaş alymlaryň aglaba köplügi ylmy işlere bolan höweslerini ylmy netije almak, dissertasiýa işini goramak, ylmy taslama bäsleşigine gatnaşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşdyrýarlar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylma bolan höwesini ýokarlandyrmagyň dürli usullary we mehanizmleri giňden ulanylýar.

Talyp ylmynyň ösüşi, talyplaryň hünär taýdan kemala gelmeklerinde ylmy-barlag işleriniň orny, olaryň ylmy işlere çekilmegi, ylmy işleri guramak üçin döredilen şertler, bu ugurlarda toplanan tejribeleri alyşmak ýaly meseleler ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň we alymlaryň hemişe üns merkezinde durýar.

Özüniň tebigaty boýunça talyplaryň ylmy-barlag işlerini dolandyrmak köp derejeli gurluş bolup, onuň düzümine ylmy-pedagogik işgärler, maglumatlaryň akymy, aýry-aýry ýerine ýetirijileriň ygtyýarlyklary we wezipeleri girýär.

Kafedralarynyň derejesinde talyplaryň ylmy-barlag işleri olaryň ýanynda döredilen ylmy gurnaklarda, tejribehanalarda we merkezlerde alnyp barylýar. Bu dereje talyplaryň ylmy işlerini guramagyň ilkinji basgançagydyr. Talyplar geljekki hünär taýýarlygyna, ylmy gyzyklanmalaryna baglylykda, belli bir ylmy gurnagy saýlaýarlar, professor-mugallymlaryň ylmy ýolbaşçylygynda gözleg işlerinde ilkinji ädimleri ädýärler. Ylmy gurnaklarda ýolbaşçylaryň halypalyk etmeklerinde talyplaryň ylmy işiň temasyny kesgitlemek, işiň maksadyny we wezipelerini anyklamak, barlagyň usullaryny saýlamak, işleri ýerine ýetirmegiň tapgyrlaryny meýilnamalaşdyrmak, alnan maglumatlary jemlemek we seljermek, ylmy işiň netijelerini ylmy makala, nutuk, tanyşdyryş görnüşinde resmileşdirmek, ylmy-amaly maslahatlarda çykyş etmek boýunça ukyp-başarnyklary ösdürilýär. Ylmy gurnagyň maksatnamasy okuw meýilnamasynyň dersleriniň mazmunyny gaýtalamazdan, olaryň üstüni ýetirmek we baýlaşdyrmak arkaly geljekde hünär we umumy medeni başarnyklarynyň emele gelmegine şert döredýär. Ylmy işiň netijeleri yzygiderli geçirilýän ylmy gurnaklarda seredilýär. Toplanan ylmy tejribe we ilkinji barlaglaryň netijeleri talyplaryň geljekki ýyllyk we derejelendiriş işleriniň esasyny düzýär.

Fakultetleriniň derejesinde ugurdaş dürli hünärlerde okaýan talyplar ylmyň degişli ugurlary boýunça fakultetiň ýa-da ýokary okuw mekdebiniň alymlarynyň ýerine ýetirýän ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyrylýar. Fakultet derejesinde talyplaryň gatnaşmaklarynda umumy ylmy çäreleri, ýagny bäsleşikler, ylmy maslahatlar, seminarlar geçirilýär.

Talyp ylmyny ösdürmegiň merkezi hökmünde ýokary okuw mekdebi talyp ýaşlaryň, bir tarapdan, döwlet derejesinde geçirilýän ylmy-döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmaklaryny üpjün edýär. Beýleki tarapdan, ylmy işleriň, taslamalaryň bäsleşiklerini we maslahatlary özbaşdak guraýar. Islendik ýokary hünär bilim edarasy üçin şeýle derejedäki talyplaryň ylmy işleri — bu okuw mekdebiniň üstünliklerini görkezmek, ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik döredýär. Başga-da döwlet derejeli ylmy çäreler talyp ylmynyň guralyşy barada häzirki zaman tejribelerini alyşmak we öwrenilen tejribäni geljekde işde peýdalanmak boýunça hyzmat edýär.

Halkara derejesinde talyplaryň ylmy işleri bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleriň arasynda ylym-bilim çygrynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ösdürmäge ýardam edýär. Talyp ýaşlar halkara derejesinde geçirilýän ylmy bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar we özleriniň ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar.

Talyplaryň ylmy işlerini guramagyň ýokarda agzalan derejeleriniň ählisi ähmiýetli bolup, olaryň her biriniň anyk maksady bardyr we belli bir wezipeleri çözmek üçin gönükdirilendir. Talyp ýaşlaryň ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmeginde ylmy işleriň ähli derejelerde yzygiderli guralmagy wajypdyr.

Ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, öz gezeginde, tehnologiýalaryň transferi bilen baglanyşykly işleriň ýola goýulmagyny talap edýär. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde açylan Tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bölüminiň ähmiýetiniň ýokary boljakdygyny bellemek ýerliklidir. Tehnologiýalaryň transferi döwletiň ylmy-tehniki syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu işler täze bilimleri we tehnologiýalary girdejileri gazanmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň, ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmegiň çeşmesine öwürmeklige ýardam edýär.

Gulbeşer BABAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

ylmy işler boýunça prorektory,

ykdysady ylymlaryň kandidaty.

 

 

“Biznes reklama” gazeti,

13.06.2022ý.

Meňzeş habarlar