Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda mugallymlaryň bilim derejelerini ýokarlandyrmakda, talyplara bilim, ylym, terbiýe bermekde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly işler alnyp barylýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary hem ýurdumyzyň ykdysadyýetinde işlejek hünärmenleri taýýarlamak işlerinde, ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik we hünärine ökde ýaşlary taýýarlamak babatda yhlasly zähmet çekýärler. Talyplary okatmakda we ýokary bilim bermekde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary biziň esasy gollanmalarymyz bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyny halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Ajaýyp eseriň girişinde Gahryman Arkadagymyz okyjylaryna uly söýgi bilen ýüzlenip: «Beýan edýän garaýyşlarymda meniň bilen duýgudaş, pikirdeş, köňüldeş bolarsyň diýip umyt edýärin» diýip ýazýar. Bu bolsa okyjylarda eseriň başyndan buýsanç hem-de kitaby okamaga höwes duýgularyny döredýär. Kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybarat bolup, ol ýurdumyzyň ösüşini, gazanylan üstünlikleri, wajyp taryhy wakalary we Arkadagymyzyň manyly durmuş ýolundan maglumatlary özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Iň esasy zat: maksatlarymyz aýdyňdyr, hünärli nesillerimizi ýetişdirmek, olary öz zehinleri, başarnyklary, isleg-höwesleri boýunça hünärlere ugrukdyrmak, şular esasynda mekdepden soňky ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almaga ugrukdyrmak mugallymlaryň öňündäki möhüm wezipelerdendir» diýip aýratyn nygtamagy hem döwrüň talaby bilen pugta baglydyr. Kitapda berilýän baý maglumatlaryň ýokary okuw mekdebimizde Marketing kafedrasynda taýýarlanýan hünärler üçin örän zerurdygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda bu ugra degip geçmek bilen: «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň esasy aýratynlygy hakynda oýlanyp gördüňizmi? Bu soragyň jogaby köp bolup biler. Sebäbi önümlerimiziň tapawutly taraplary-da, mahabatyny ýetirmek üçin sözem ýeterlik bar. Ýöne has gysgadan düşnükli aýdylmaly bolsa, ozaly bilen, olaryň ekologiýa taýdan arassalygyny nygtamaly diýip hasap edýärin» diýip seljerme berýär we oba hoja- lykda ýetişdirilýän hem-de senagat pudaklarynda öndürilýän önümleriň hili, daşary-söwda gatnaşyklary barada baý maglumatlary berýär. Bular hem biziň marketing ugrunda okaýan talyplarymyzyň esasy soraglary bolansoň, kitap biziň gündelik işimizde zerur gollanma bolup durýar. Kitap ýaşlara ylym, bilim bermekde, döwrebap terbiýelemekde, watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularyny oýarmakda, milli däp-dessurlary öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Gahryman Arkadagymyza ajaýyp eseri halkymyza sowgat edendigi üçin köp sagbolsun aýdýarys.
Swetlana HOJANAZAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
“Aşgabat” gazeti,
30.06.2022ý.