ÝOLUŇYZ AK BOLSUN, ÝAŞ LUKMANLAR!

Şu günler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny tamamlan uçurymlary zähmet we durmuş ýoluna ugradyş dabaralary dowam edýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uçurymlaryna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy hem uludan tutuldy.

Hä­zir­ki uçurymlaryň bilim alan we hünär öwrenen ýyllary içinde uniwersitetde oňyn özgertmeler amala aşyryldy. Lukmançylyk bilimine bildirilýän halkara talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalaryna we meýilnamalaryna yzygiderli seredilip, olaryň mazmuny keselleri bejermegiň, anyklamagyň, öňüni almagyň iň öň­debaryjy we kämil usullary bilen baýlaşdyryldy, döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzda ýokary bilimi ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okatmagyň döwrebap usullary giň­den ornaşdyryldy.

Talyp ýaşlar okan döwürlerinde ylmy gurnaklara gatnaşyp, ylmy işleri alyp bardylar, ders bäsleşikleridir internet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olar medeni çärelerdir jemgyýetçilik işlerine-de yzygiderli gatnaşyp, işjeň­lik görkezdiler. Zehinli talyplar üstümizdäki ýylda halkara we ylmy ders bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli ugurlardan 100-den gowrak medaldyr baýrakly orunlara mynasyp boldular. Munuň özi bu ýokary okuw mekdebiniň taryhynda gazanylan iň ýokary netijedir.

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýaş alymlaryň arasynda geçiren bäsleşiginde bu ýokary okuw mekdebiniň ýaş alymlarynyň üçüsi, degişlilikde, birinji, ikinji we üçünji orunlary eýeläp, hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgadyna mynasyp boldular.

Talyplaryň ençemesiniň nemes, iň­lis we beýleki daşary ýurt dillerini yzygiderli öwrenýändiklerini-de aýtmak gerek. Elbetde, uniwersitetde bilim alýan ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak we olara ak pata berip, zähmet ýoluna ýollamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu mynasybetli bu ýokary okuw mekdebinde okap, asylly käre eýe bolan uçurymlar gutardyş dabarasynda özlerini bagtly saýýandyklaryny guwanç bilen beýan etdiler. Dabarada uniwersitetiň rektory, professor-mugallymlar, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri, tejribeli lukmanlar, ene-atalar uçurymlara ak ýol arzuw edip, ak pata berdiler.

2021-2022-nji okuw ýylynda lukmançylyk hünärini ele alan 575 uçurymyň 27-si tapawutlanan diploma mynasyp boldy. Uçurymlaryň 85-si bolsa uniwersiteti­ň kliniki ugurly kafedralaryna hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli Ylmy-kliniki ordinatura ýollanýar.

Aýdym-saza beslenen dabarada çykyş eden uçurymlar özlerine ylym-bilim beren professor-mugallymlara hoşallyk sözlerini aýdyp, geljekde hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Soň­ra uçurymlar lukman kasamyny kabul etdiler. “Melhem” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dabaranyň dowamynda bilim ojagyny tapawutlanan diplom bilen tamamlan, jemgyýetçilik işlerine, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşan uçurymlaryň birnäçesine Minnetdarlyk hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Sona DURDYÝEWA.

Surata düşüren Haýyt ALLANAZAROW.

 

“Türkmenistan” gazeti,

 30.06.2022ý.

Öňki makala

BILIM WE EDEP ÇEŞMESI

Indiki makala

PELSEPELER

Meňzeş habarlar