PELSEPELER

Bilimiňe däl-de, bilýäniňe daýanmak wajyp.

Ylym öwrenmek üçin ylham däl, ynam we yhlas, tutanýerlilik gerek.

Özleşdirilmedik zehin özleşdirilmedik tarp ýer mysalydyr.

Zehini görmezlik mümkin däl. Ýöne görmezlige salmak welin mümkin.

Okap öwrenen, özleşdiren kitaplarymyzyň mukdary belli bir derejede biziň durmuşa we adamlara, tebigata bolan söýgümiziň mukdaryny görkezýär.

Dagyň jümmüşinden syzylyp çykýan çeşme suwundan bir gezek içip gören adam hemişe ony ýene içmegiň arzuwynda ýaşar. Pähim-parasatlar, pelsepeler hem häsiýeti boýunça edil şol çeşme suwy ýaly.

Akyldarlar aňyrsy görünmeýän tümlügiň aňyrsyndan hem ýagtylygy, bakylygyň yşygyny görýärler.

Biz durmuşy täzeliklere we täzeçe garaýyşlara besläp ýaşamalydyrys.

Okap öwrendigiňçe kitaba bolan söýgüň we hormatyň artýar. Çünki kitap bizi ruhy dünýämize ýakynlaşdyrýar.

Durmuşda öz ornuny tapan her bir adam ony gorap saklamagy we yzygiderli ösdürip kämilleşdirmegi öz öňünde şahsy borç edip goýýar.

Adam özgeleriň pikir-garaýyşlaryny öwrenip olardan özbaşdak netije çykarmagy öwrenmeli.

 

 

Merdan Sähedow,

“Garagum” žurnaly

№3-2022ý.

Meňzeş habarlar