Baýlyk, güýç hem-de ylym...
Eger-de siziň öňüňizde şu üçüsini goýup, birini saýla diýseler, haýsysyny saýlardyňyz? Göz öňüne getirýän, arzuw edýän zatlaryňyzy gazanmak — satyn almak üçin derhal baýlyga ýapyşarmydyňyz ýa-da «Güýjüm bolmasa, onça baýlygy göterip bilmerin. Güýjüm ýetse, has köp zat gazanaryn» diýip, güýje topulardyňyz? Ýa-da ikirjiňlenmän, belki-de, köp pikir edeniňizden soňra ylmy saýlardyňyz? Onda men size gadym döwürlerden bäri ähli halklaryň arasynda giňden ýaýran bir hekaýaty gürrüň bereýin.
Bu hekaýat Magtymguly Pyragynyň «Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman...», «Tagtyny ýel çeken hökmi – Süleýman...» ýaly setirlerinde ady agzalýan bir pygamber bilen bagly. Ýaşlygyndan başlap üşükli, zehinli, akylly, zähmetsöýer, ilhalar, adalatly, hemişe ýagşylyk etmäge döwtalap bolan Süleýmana şol üçüsinden birini saýlamagy teklip edýärler: baýlyk, güýç hem-de ylym. Süleýman pygamber birbada oýlanyp, oýurganyp oturýar. «Baýlygy saýlasam, emma ony götermäge güýjüm, göterinmäge düşünjäm bolmasa, ýene özüm heläk bolaryn. Güýji saýlasam, ony nähili ulanmalydygyny bilmesem, belki, özüme-de zyýan ederin. Ylmy saýlasam, onda ylym arkaly güýji hem, baýlygy hem nähili gazanmalydygyny, soňra olary nähili peýdalanmalydygyny hem öwrenip bilerin» diýipdir. Şeýdibem, baryp ylmy saýlapdyr. Ylmy saýlanlygynyň hormatyna oňa yns-u-jynlaryň, guş-gumrularyň dillerine düşünmek, ýellere erk etmek ygtyýary hem berlipdir. Magtymguly Pyragynyň «Süleýman, sen muňa bir gulak goýgul...» diýen setirinde onuň hatda garynjalaryň diline hem düşünip bilendigi ýaňzydylýar. Ol ylmy arkaly täsin bir haly dokapdyr, halysyna ornaşyp, şol ýelleriň arkasyna atlanyp, dünýäni aýlanar ekeni. Il-gün oňa «Süleýmanyň uçýan halysy» diýip at beripdir.
Ine, ylmy saýlamagyň hormat-mertebesi, gadyr-gymmaty şunuň ýaly beýikdir. Şonuň üçin ylym öwrenmek, ylymly, bilimli, çuňňur düşünjeli bolmak hemmämize wajyp bolup durýar.
Ylym bize dünýäniň, tebigatyň, durmuşyň — hemmeleriň we hemme zadyň diline düşünmäge kömek edýär.
Ylym bizi uçýan haly ýaly bolup, arzyly maksatlarymyza ýetirýär.
Ylym bize jahana keşt etmäge ýol açýar.
Eger-de özüňizde il gözüni egläre, egniňizde köpüň ünsüni çekere artykmaç zadyňyz ýok bolsa, muňa garamazdan sagdyn bilimli, düşünjeli, ylymly bolsaňyz, il-günüň «Tüweleme, bu örän akylly perzent, ylymly çaga, ýiti zehinli, düşünjeli okuwçy, juda ökde talyp» diýip ýüzlenmekleriniň özi ýeterlik bagtdyr, uly sylag-hormatdyr. Ylym ýollaryny ädim-ädim külterläp, täze-täze zatlary öwrenip, öňe ilerläberseňiz, durmuşymyzyň hem-de daş-töweregimiziň durşuna ajaýyplyklardan doludygyna göz ýetirersiňiz. Her gezek täze bir zat öwreneniňizde, durmuş size täze bir ajaýyplygyny sowgat eder. Her öwrenen zadymyza amal edenimizde, onuň haýry-peýdasy, berekedi özümizde has-da aýdyň-äşgär duýlar.
Eýsem, bir zady öwrenmek bilen bilmegiň ýa-da bilmek bilen amal etmegiň aratapawudyny bilýäňizmi? Köp adamlar bardyr, ep-esli kitap okaýar, täze zatlary öwrenýär.., ýene kitap okaýar, ýene öwrenýär, emma öwrenen zatlarymyzy özleşdirmesek, ýagny olary durmuşymyzda peýdalanmasak, gylykhäsiýetlerimizi öňküsinden kämilleşdirmesek, öňkimizden has akylly, edepli, tertipli, terbiýeli, düşünjeli bolmasak, bu biziň täze zat öwrendigimiz däldir. Hakyky ylym hökman täsir etmeli. Akyldarlaryň birinden: «Ylymlydygyňy nädip bilip bolýar?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Ylym amal etmek arkaly äşgär bolýandyr. Eger-de öwrenen zatlaryňyza görä özüňizi alyp barşyňyz, işe çemeleşmeleriňiz, duýgy-düşünjeleriňiz öňküsinden kämilleşýän, gowulaşýan bolsa, bu siziň ylymlydygyňyzy görkezýär. Eger-de özüňizde hiç hili täsiri duýulmaýan bolsa, onda siz ýöne okap geçen biri bolup galýaňyz» diýip jogap beripdir.
Şonuň üçin her öwrenen zadymyzy durmuşymyzda peýdalanmaga çalyşmaly. Üstesine, durmuşymyza peýda berýän zatlary öwrenmäge ymtylmaly. Danalaryň biri her gün ir säherde aýasyny açyp, goluny Göge göterip: «Perwerdigärim, meniň ylmymy artdyr! Maňa täze zatlary öwret! Kabul bolmaýan dileg-dogalary etmekden, peýda getirmeýän zatlary öwrenmekden gora! Her öwrenen zadymyz özümize hem-de il-günümize haýyrly zat bolsun!» diýer ekeni. Onsoň şol dana öz döwrüniň iň ylymly adamlarynyň birine öwrülipdir. Bir zat öwrenmegi ýüregimize düwenimizde özümize, öýümize, il-günümize, döwletimize haýyrly zatlary öwrenmegi maksat edinmelidiris. Şonda geljegimiziň hem-de tutuş ömrümiziň berekedi artar gider. Döwlete bähbitli, halka haýyrly zatlar özümiz üçinem iň döwletli, bereketli zatlardyr, hakyky ylymdyr.
Öňümizde asylly maksatlary goýmak, oňa eltýän ýollary, arassa usullary öwrenmek hem-de özleşdirmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary iň ähmiýetli ylmy gollanmalardyr. Hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda «Ýaşaýşyň şeýle kämil nusgasyny döreden halkymyz: «Okan il ozar, okamadyk il tozar» diýipdir. Ýene-de: «Ylym – akylyň ýarysy» diýipdir», «Yslam ylym öwrenmegi, ryzk üçin işlemegi, halal gazanç etmegi ybadat hasaplaýar» ýaly mazmundaky paýhasly jümleler örän köp. Bu ajaýyp kitap arkaly öz gylyk-häsiýetlerimizi hem kämilleşdirip bilýäris. Bu bolsa maksatlarymyzy amala aşyrmak üçin iňňän zerurdyr, çünki durmuşdan täze netijelere garaşýan bolsak, onda biziň öňkülerden başgaça, täzeçe pikirlenmegimiz gerek. Täzeçe pikirlenmek täzeçe hereketlere iterýär. Akylly-başly täzeçe hereketler bolsa hemişe täze netijelere eltýär. Biziň öňümizde bolsa sanly ulgama ýugrulan täze bir eýýam dur. Geljege taýýarlykly barmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby geljegimizi Güneş kibi nurlandyryp duran hakyky ylymdyr, ylmy gollanmadyr. Kitaby içine çümüp okap, manylaryna çuňňur düşünmek, şu kitap bilen ýaşamak — öwrenen ylmymyza amal etdigimiz bolýar. Bu bolsa geljekde gazanmak isleýän ähli ajaýyplyklarymyzyň altyn açarydyr, maksatlarymyza ýetirýän we bizi dünýä aýlaýan uçar halydyr. Ýaşaýşa, durmuşa, özümize düşünmegiň dilidir. Baýlygy hem-de güýji özünde jemläp bilen hakyky ylymdyr.
Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.
“Güneş” žurnaly,
№ 6-2022ý.