TEHNOLOGIÝA DÖWRÜNIŇ NESILLERI

Tehnologiýa dünýäsine syýahat

Häzirki döwre tutuşlygyna «robot asyry» diýäýmeli. Köp funksiýaly robotlar adamyň işini ep-esli derejede ýeňilleşdirdi. Döwrebap robotlar, hatda daş-töweregi anyklamak, belli adamlary tanamak ukybyna-da eýedir. Bizi iň buýsandyrýan zat — şeýle kämil robotlaryň öz ýurdumyzda hem taýýarlanmagy. Robot önümçiligi bilen meşgullanýan mekdep okuwçylarymyzyň köpdügi bolsa ýaş nesillerimiziň dünýä ylmyndan, soňky tehnologiýalardan habarlydygynyň şaýadydyr. Muňa ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdepde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň zehinleri» atly şygar bilen geçirilen Tehnologiýa şüweleňinde has-da göz ýetirdik.

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan guralan bu çäre paýtagtymyzdan tehnologiýa dünýäsi bilen gyzyklanýan okuwçylardyr mugallymlaryň ençemesini bir ýere jemledi. Ýaşlaryň söýgüli aýdymçylary Mähri Pirgulyýewanyň hem-de Durdy Durdyýewiň dabara gatnaşyp, joşgunly aýdymlary ýerine ýetirmekleri çagalaryň kalplaryny heýjana getirdi.

Ýaryşda özüne ynamly ýeňiji bolýar

Tehnologiýa şüweleňiniň çäklerinde robot ýaryşlary, taslama sergileri, utuşly baýraklar, dürli çaga oýunlary guraldy. Sergä paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň 200-e golaýy öz ýasan robot tehnikalary bilen gatnaşdylar. 4 ugur boýunça geçirilen robot tehnologiýalarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerine Hormat hatlary hem-de ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Olar şeýle kesgitlendi:

1. «Race 20x25 sm 1,5 kg» (robot enjamlaryndan taýýarlanan maşynlaryň awtomeýdançada üç sany robotiki päsgelçilikden geçip, aýlawy tamamlamagy) ýaryşy:

I ýer — Dawut Bäşimow, Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy;

II ýer — Polat Baýramow, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy;

III ýer — Jelaleddin Hudaýberdiýew, Aşgabat şäherindäki 49-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy.

2. «Mars Rover 50x50 sm» (robot enjamlaryndan taýýarlanan uly göwrümli maşynlaryň 10 metr aralykda dürli päsgelçiliklerden geçmegi) ýaryşy:

I ýer — Hojamyrat Eýeberdiýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy;

II ýer — Pirguly Öwezow, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy;

III ýer — Gülnara Mawyjaýewa, Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň 11-synp okuwçysy.

3. «Automatiс Sumo 25x25 sm 2 kg» (robot enjamlaryndan taýýarlanan maşynlaryň biri-birini bellenen çäkden çykarmagy) ýaryşy:

I ýer — Arslan Poladow, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy;

II ýer — Ahmet Saryýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen harby mekdebiň harby okuwçysy.

4. «Line Follow» (robot enjamlaryndan taýýarlanan maşynlaryň çyzygy çalt yzarlamagy) ýaryşy:

I ýer — Rahatgeldi Ataýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy;

II ýer — Arslan Hotçyýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy;

III ýer — Arslan Poladow, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.

Ýaş robotçylaryň gurnagy

Tehnologiýa şüweleňine gelen her bir myhmanyň ünsüni, ilkinji nobatda, «Oguz Robot» gurnagynyň sergisi özüne çekdi. Diwarlyklarda gurnagyň üstünliklerini görkezýän ýazgylar, dünýäniň uly ýaryşlaryndan alnan fotosuratlar, dürli taslamalardyr tehnologik enjamlar, robot gurluşlary deňinden hiç kimi biparh geçirenok.

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň çäginde hereket edýän «Oguz Robot» gurnagy, ilkibada «TELPEX» ady bilen döredilipdir. 2018-2019-njy okuw ýylynda adyny üýtgeden gurnagyň agzalygyna kabul edilmek isleýänleriň sany barha artypdyr. Häzirki wagtda geljekki hünärini tehnologiýa dünýäsi bilen baglan onlarça okuwçy bu gurnagyň işjeň agzasydyr.

— Biziň gurnagymyzyň halkara üstünlikleri hakda gürrüň edilende, şeýle zehinli okuwçylarymyzyň bardygyna buýsanýarys. Agzalarymyz dürli ýyllarda Meksikanyň Mehiko şäherinde, Türkiýe Respublikasynda, Dubaý şäherinde, Hytaýyň Gonkong şäherinde geçirilen robot tehnologiýalarynyň halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Biz geljekde gurnagy ýurdumyzyň beýleki orta mekdeplerine hem ýaýratmak isleýäris — diýip, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň mugallymy, gurnak ýolbaşçysy Atamyrat Şahanow gürrüň berdi.

Zehinli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan mekdep okuwçylarymyza diňe «berekella» diýäýmeli. Tehnologiýa şüweleňinde tanyş bolşumyz ýaly, olaryň käbir taslamalaryna dagy birbada başyňy ýaýkaýarsyň. Hatda ulularyň kellesine gelmejek ideýalar! Muny näme bilen düşündirip bolar?! Elbetde, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesle ýokary hilli bilimiň berilýändigi, sanly bilim ulgamynyň barha kämilleşýändigi, ýaşlaryň tejribeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin iň zerur şertleriň döredilýändigi hemmämizi guwandyrýar.

 

 

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

“Güneş” žurnaly,

№ 6-2022

Öňki makala

YLYM BIR GÜNEŞDIR

Meňzeş habarlar