Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabat sammiti sözüň doly manysynda Hazar deňziniň tutuş Ýewraziýa yklymy we bütin dünýä derejesinde strategik ähmiýetini has-da artdyrýan hyzmatdaşlyk etmekde bar bolan geljeginiň uly ugurlaryny anyk kesgitlemäge ýardam berdi. Bu sammitde Hazaryň ertirki gününe diňe bir ykdysady hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan däl, eýsem, onuň howpsuzlygy we Hazarýaka döwletleriň dostlukly gatnaşyklary babatda hem üns berildi. Muňa altynjy Hazar sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Beýanat hem güwä geçýär. Sammitde beýleki Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlary hem öz eden çykyşlarynda Hazarda hyzmatdaşlyk etmegiň ajaýyp mümkinçilikleriniň bardygyny we degişli ugurda özara düşünişmek esasynda gatnaşyklary ösdürmekligiň möhümdigini bellediler. Çünki Hazarýaka sebiti Ýewropa, Merkezi Aziýa, Zakawkaziýe, Ýakyn we Orta Gündogar sebitleriniň arasyndaky möhüm halka hökmündäki giňişlik, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag ýollaryny üstünden geçirýän logistik merkez bolup hyzmat edýär. Sebitiň artykmaçlyklarynyň üstüni ýetirýän ýene bir aýratynlygy bolsa, onuň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlarydyr. Şu jähetden, syýasatçylar Hazary başgaça «Energiýa deňzi» diýip hem atlandyrýarlar. Bu bolsa Hazar deňziniň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetini has-da artdyrmak bilen, Hazarýaka döwletleriň senagat, ulag we energetika kuwwatlyklaryna örän uly täsir edýär. Hazar — özboluşly we gaýtalanmajak ekoulgam. Bu ýerde duş gelýän ösümlikleriň we janly-jandarlaryň birnäçesiniň endemikligi bolsa Hazaryň biodürlüliginiň örän ajaýypdygynyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, altynjy Hazar sammitinde sebitiň ekoulgamyny gorap saklamagyň we onuň howpsuzlygyny üpjün etmegiň her bir kenarýaka döwletiň öňünde duran möhüm wezipedigi aýratyn bellenilip geçildi. Munuň özi Aşgabatda üstünlikli geçirilen umumyhazar gepleşikleriniň Hazar deňziniň geljegi bilen bagly täze gözýetimleri açmakda netijeli pikir alyşmalaryň meýdançasyna öwrülendigini doly tassyklaýar.
Şemşat KIÇIGULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy.
Nesil gazeti
05.07.2022.ý