Lukmanyň maslahaty

Türkmen topragy bereketli toprak. Bu toprakda önýän gök we bakja önümleriniň beýleki ýurtlardakydan tapawudy köp. Çünki Diýarymyza Gün şöhlesi ýiti düşýär. Gök we bakja önümleri ýaly, miweler hem adam bedeni üçin gerek bolan ýokumly maddalara we witaminlere baýdyr.

Erigiň düzüminde adam bedeni üçin zerur bolan A, C, B witaminleri, kaliý, demir duzlary bar. Ol ýürek-damar, böwrek, käbir nerw kesellerine ýaramlydyr. Erik ýatkeşligi gowulandyrýar, beýniniň işleýşini sazlaşdyrýar. Erigiň düzümindäki demriň ähmiýeti uludyr. Ol gandaky gemoglobiniň mukdaryny köpeldýändigi sebäpli, gan azlykda ulanylýar. Ýürek-damar keselleriniň aglabasynda kaliý ýetmezçiligi bolýar. Şeýle näsaglar her gün erik kişdeleriniň 5 – 6 sanysyny 1 bulgur gaýnan suwa salyp goýmaly we ertir irden ajöze iýmeli we suwuny içmeli. Bu diňe ýüregiň däl-de, eýsem, içegäniň işleýşini hem gowulandyrýar. Iç gatamadan ejir çekýän adamlar üçin hem erik peýdalydyr. Horlanmak isleýänler üçin hem erigi iýmek örän peýdalydyr.

Almany ganazlyk keselinde, esasan hem, göwreli zenanlara, çaga emdirýän ýaş enelere köpräk iýmegi maslahat berýärler. Düzümindäki kaliý duzy ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar. Köplenç halatlarda almany iýenlerinde, daşyny arassalap iýýärler. Almanyň gabygynda pektin köp, bu bolsa içegäniň işleýşini kadalaşdyrýar. Almany dişläp iýseň, diş etini pugtalandyrýar. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, almanyň yrýa edere zady ýok. Alma çigidiniň 4 – 5 sanysyny iýseň, bedeniň ýoda bolan talabynyň günüň dowamynda gerekli mukdary bilen üpjün edilýär. Bedeniň C witamine talabedijiligini dolmak üçin günüň dowamynda 2 almany iýmek ýeterlikdir. Almany näçe iýseň-de, peýdaly bu miwe adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

 

Abadan BERDIÝEWA,

TSG we DSM-iň Saglygy goraýşyň

habarlar merkeziniň bölüm müdiri.

 

“Bereketli toprak” gazeti,

06.07.2022ý.

Meňzeş habarlar