«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli ugruna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna badalga berildi. Şu ýyl kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek 30 ýyly öz içine alýan ösüş-özgertmeler meýilleşdirilip, olarda ýaşlar meselesine uly üns gönükdirilýär. Bu ugurda ýaş neslimize mynasyp terbiýe bermek, ýaşlarda milletimize mahsus bolan gymmatly häsiýetleri kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir. Geljege gönükdirilen bu Milli maksatnamanyň milletiň ruhy we medeni gymmatlyklaryna bagyşlanan bölüminde: «Ýaş nesillerimizde geçmiş taryhymyza, köküni gadymyýetden alyp gaýdýan baý medeni we ruhy mirasymyza buýsanç duýgularyny döretmek, ata-babalarymyza mahsus asylly we arassa ýol-ýörelgeleri, häsiýetleri, ruhy-psihologik özboluşlylygy kemala getirmek meseleleri esasy wezipeleriň hatarynda durýar» diýlip bellenilýär.
Ýaş nesle mynasyp terbiýe, kämil ylym-bilim bermek meselesi Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Bu kitapda ynsanyň kämilleşmeginde halkyň taryhy geçmişiniň dowamynda kemala getiren ylmy we ruhy gymmatlyklar, olaryň jemgyýetiň ösüşindäki orny bilen baglanyşykly meselelere giňişleýin seljerme berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu edebi-filosofik eserinde ömrüniň manyly menzillerini, durmuş ýatlamalaryny, gymmatly pikir-garaýyşlaryny beýan etmek bilen, din-ygtykadymyz, däp-dessurymyz, milli ýol-ýörelgämiz barada çuňňur ähmiýetli söhbet açýar. Kitabyň her bir bölümi taryhy çeşmelere baý bolup, milli aňyň ösmegine güýçli täsir edýär we bu gymmatly maglumatlar öz halkymyzyň taryhyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Kitapda türkmene mahsus bolan zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dosta açyk göwünlilik, ynsaplylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly häsiýetler barada hem giňişleýin beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyz gadymy edep kadalarymyz bilen döwrebap terbiýeçilik çäreleriniň utgaşykly ýola goýulmagynyň hem-de dogry berjaý edilmeginiň derwaýyslygyna ünsi çekmek bilen, bu kitabynda: «Hudaýdan gorkmak, ogurlyk etmezlik, adamy ynjytmazlyk, adamyň mertebesini kemsitmezlik, kişi zadyna el urmazlyk, ýalan sözlemezlik, ene-ataňa hormat goýmak, ýakynlaryňy söýmek, dosta wepalylyk, akgöwünlilik, ajy söz urmazlyk, goňşyň bilen oňşukly ýaşaşmak, özüňden ula hormat goýmak, ýaşuly sarpasy, ýaş kiçi hormaty, nesil terbiýesi, maşgalanyň abraýy, ahlaklylyk ýaly adamzady şeýle dogry ýola, kämil düşünjelere, päkize garaýyşlara ugrukdyrmak işi biziň halkymyzda juda gadymy döwürlerden bäri bar» diýlip bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz bütin adamzat üçin gymmatly şeýle garaýyşlaryň bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletine guwanyp ýaşaýan halkymyzyň bütin durmuşynda hem gymmatyny saklaýandygyna, olaryň biziň döwlet syýasatymyzyň özenini düzmek bilen, ýurdumyzyň bütin kanunçylyk ulgamynyň hem özenine, bilim-terbiýe ojaklarynyň many-mazmunyna öwrülendigine ünsi çekýär. Bu kitap ýaş nesilleriň kalbynda öz taryhymyzy içgin öwrenmäge, täze ylmy açyşlary etmäge ruhlandyrmaga hem-de ene-atalarymyzyň döredijilikli taryhy ýoluna mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerine ýol-ýörelge görkezýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta mekdebini tamamlan ýaşlar, orta bilim baradaky şahadatnamalaryny ele alyp, özleriniň geljekki ykbalyny baglajak hünärini saýlamak höwesi bilen täze durmuş ýoluna gadam basýarlar. Nesip bolsa, mekdep uçurymlarynyň köpüsi ýörite we ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, «talyp» diýen ada mynasyp bolarlar. Hünäri dogry saýlamak we öz başarnygyňy syntgylap, kämilleşdirmek adamy durmuşda üstünlik gazanmaga, halal zähmet bilen rehnet tapmaga, ussatlykda nusgalyk yz galdyrmaga altyn gapy açýar. Gahryman Arkadagymyz bu kitabyň başynda ýokary okuw mekdebini tamamlap, durmuş ýoluna girişýän ýaş adam bilen hünär saýlamak, onuň üsti bilen özüňi açmak barada örän täsirli pikirleri öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyz: «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr. Munuň özi biziň umumy ýol-ýörelgämiziň, diýmek, hatda ynam-ygtykatymyzyň berkligi bilenem baglaşyp gidýär» diýen nukdaýnazary öňe sürýär.
Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sargytlary we öňdengörüjilikli başlangyçlary, ylmy taglymlary, halkymyza, Watanymyza wepaly gulluk etmekdäki şahsy göreldesi türkmen ýaşlary üçin durmuş çelgisi bolup durýar. Kämil bilimli, hünärine ökde, täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly nesil jemgyýetiň öňdebaryjy güýjüne öwrülip, öz halkyň ösen durmuşynyň, ýeten derejesiniň beýany bolup öňe çykýar.
Gülşirin ORAZMUHAMMEDOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky
5-nji orta mekdebiň mugallymy.
“Ahal durmuşy” gazeti,
06.07.2022ý.