Synag. Irginsiz yhlasly gijeleriň wysala gowşan güni. Bularyň ählisiniň üstünden eýýäm bäş ýyl geçipdir. Şu wagt bu zatlar düýş ýaly meniň üçin. Indi ýatlamalar ummanyna çümen wagtym myssa ýylgyrmagyma sebäp bolýan bu süýjümtik duýgular öz ornuny talyplyk ýyllarymyň ýakymly pursatlaryna berdi.
Uçurym dabarasynda halypa mugallymymyzyň aýdanlary henizem gulagymda ýaňlanyp dur: «Siz pikir edýänsiňiz, institut, mugallymlar biziň ýadymyzda hemişelik galýar, biz bolsa olaryň ýadyndan çykar gideris diýip. Ýok, diňe biz siziň durmuşyňyzda däl, eýsem, sizem biziň ýüregimizde galmagy başardyňyz. Sizi özümize şeýle ýakyn duýmagymyzyň sebäbi her biriňize ömrümiziň bir bölegini, terbiýämizi, ylmymyzy siňdirmegimizdir». Mugallymymyň her aýdan sözi ýüregimiň üstünden aýakýalaň ýöredi.
Düýn ýalydy gapysyndan ätlänim,
Suw deý akyp gitdi ömrüň bäş ýyly.
Soň-soňlaram buýsanç bilen ýatlaryn,
Diploma däl, köňle goýlan bäşligi.
***
Ynha, şu wagt tamamlanyma heniz bir aý hem dolmadyk institutymyň deňesinden geçip barýan. Ýene öňki-öňkülik. Şol mugallymlar, şol baglar, töwereginde gaýda-gaýmalaşyk talyplar. Ýöne olar biz däl. Başga-başga ýüzler. A meniň olaryň içinde özümi göresim gelýär. Hanha, şojagaz çepiksije gyz-a maňa meňzemänem duranok. Aý, ýok, onuň boýy uzynrak eken. Öz-özüm pikire çümýän ýene. Hawa, boýun almak hernäçe kynam bolsa, mähriban institutym bilen indi meni diňe suratlar we hakyda-da möhürlenen ýakymly ýatlamalar baglaýar. Onda indi biz ýok, ýöne bize derek başga talyplar onuň goýnuny doldurmaga gelerler. Ilkiilkiler pikir edişim ýaly, okuwyňy tamamlamak, hoşlaşyk pursady beýle bir gowy zadam däl eken, görüp otursam. Ol göni ýüregiňe täsir edýär.
Kalba kämilligiň möhrüni basan,
Mugallymlar — baky synmaz mertebäm.
Göreldäňiz, sapaklarňyz çelgimiz —
Hemem olar üstünlige merduwan.
***
Uçurym bolanyma hiç ynanasym gelenok. Okuwa barmasam, aýagaldygyna jaň edäýjekler ýaly. Bu gün hepdäniň başy. Hiç kim jaň edenok. Öz-özümi çümmükläp görýän. Ýok, bu düýş däl. Bäş ýyl mundan ozal abraý bilen şu ýokary okuw mekdebini tamamlamagy arzuw edeniň mendiginede ynanamok şu wagt.
Bizi institutyň işigne elten,
Maksatlaryň meňzeşligi, birligi.
Ähliňiziň keşbiňize siňipdir,
Ylmyň yşky, talyplygyň terligi.
Bir pursat deý geçip gitdi o demler,
Gözümize uzyn görnen ýyl daşda.
Begenjim kän size ýoldaş edenne,
Dost-dogana dönüp giden, ýyldaşlar!
***
Bilýän, men bu ylym ojagynyň uçurymy bolan ilkinji talyp däl. Özümiň bu ýeriň iň soňky uçurymy däldigimem bilýän. Mundan bäş ýyl ozal haýsydyr bir uçurym bolan talybyň ornuny doldurmak arzuwy bilen ätläpdim şu bosagadan. Ýene bir aýdan kimdir biri meniň ornumy doldurmak üçinem geler bu ýere. Kimdigi nämälim bolan şol bagtly ynsana häzirden: «Talyplygyň gadyryny bil! Ykbalyň üçin möhüm bu ýyllarda wagtyňy bisarpa tutma! Ýekeje günüňi-de yrýa etmän ylym öwren, «Talyp» diýen ada mynasyp bol!» diýesim gelýär.
Ertirler bagt bolup atar biz üçin,
Düýş ýaly ýakymly görüner düýnler.
Ýetilmedik menzil bolmaz arada,
«Bilimliň bilegi zor bormuş» diýrler.
***
«Hoş gal» diýen sözi halamok. Ol jümlede birhili müdimi aýralygyň ýokundysy bar ýaly. Şeýle bolansoň, men saňa-da «Hoş gal!» diýip bilmerin, eý, gadyrdan institutym! Sebäbi ir-u-giç men seniň goýnuňa dolanmak arzuwy bilen gidýän bu ýerden. Bir kitapdan «Görüşmäge umyt bar bolan ýagdaýa aýralyk diýilmeýär» diýip okapdym. Gel, bizem bu hoşlaşygy aýralyk dälde, az wagtlyk arakesme hökmünde kabul edeli. Men entek dolanaryn, biz ýene hökman görşeris, görersiň. Kiçijek göwresinde ullakan arzuwlary göterip ýören öz talybyň beren sözünde tapylýandygyny sen bilmel-ä. Şoň üçinem men saňa diňe: «Häzirlikçe» diýýän, mähriban mesgenim! Diňe «Häzirlikçe»...
Uçurym biz, uçup barýas geljege,
Durmuş gülüp, açýar bize gujagyn.
Minnetdar, ýol görkezenler, ussatlar,
Sag bol, bäş ýyl bilim beren ojagym!
Ogulnur PIRJIKOWA,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň uçurymy.
“Nesil” gazeti,
02.07.2022ý.