Häzirki wagtda ýurdumyzdaky ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylyny ýokary derejede garşylamak babatda uly işler durmuşa geçirilýär, çünki täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyk görmek onuň üstünliklere beslenmeginiň girewidir. Şundan ugur alyp, mekdebimiziň agzybir mugallymlarydyr beýleki işgärleri okuw otaglaryny we mekdebiň daş-töweregini abadanlaşdyrmaga, täze okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamaga aýratyn yhlas bilen çemeleşýärler.
Mekdebimiziň täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşiniň netijeleri bilen baglylykda, etrap bilim bölümi tarapyndan guralýan ýörite bäsleşikde ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mekdebimizde häzirki wagtda abatlaýyş işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Mekdebiň ähli synp otaglarynyň ýagty, arassa bolmagy üçin abatlaýyş işleri ýokary derejede alnyp baryldy. Şonuň ýaly-da, synp otaglaryndaky we mekdebiň dälizlerindäki diwarlyklar, enjamlar we tehniki serişdeler gaýtadan gözden geçirildi. Oturgyçlardyr partalaryň abatlygy hem üns merkezinde saklandy. Diwarlyklaryň we okuw-görkezme esbaplarynyň täze, baý mazmunly görnüşlerini taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berildi. Bu babatda mekdebimiziň göreldeli mugallymlary Tylla Ýaraşowa, Mawlýuda Babaşowa dagy aýratyn tagalla edip, kärdeşlerine görelde görkezdi.
Taýýarlyk işlerinde okuwçylaryň kitaplar bilen üpjünçiligi, kitap gorunyň ýeterlik bolmagy mekdep kitaphanasyna bildirilýän talaplaryň biridir. Şonuň üçin-de, okuw kitaplary hem doly gözden geçirilip, mekdep kitaphanasynda ýerleşdirildi. Şol bir wagtda kitap tekjeleriniň berkligi gazanyldy.
Bilim ojagynyň hünärmenler bilen üpjünçiligi hem möhüm meseleleriň biridir. Täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaş hünärmenleriň ençemesi ilkinji zähmet ýoluna başlarlar. Mekdebimizde olary garşylamaga, mugallymçylyk kärine girişmeklerine we işe uýgunlaşmaklaryna ýardam etmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda halyp-aşägirtlik ýoly mynasyp dowam etdirilýär. Mekdebiň halypa mugallymlary ýaş hünärmenlere berkidilip, özara arabaglanyşykly iş alyp barýarlar.
Şu ýyl ilkinji gezek ak mekdebe gadam basjak çagalary mynasyp garşylamak hem möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Mekdebiň degişli mugallymlary we ýolbaşçylary tarapyndan täze okuw ýylynda birinji synpa geljek okuwçylaryň sanawy taýýarlanyldy. Şu ýyl mekdebimize okuwçylaryň 75-si 1-nji synpa okuwa geler. Tizden okuwçylary mekdebe uýgunlaşdyrmak boýunça işleri ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Umuman, mekdebimiziň mugallymlary täze — 2022 — 2023-nji okuw ýylyny garşylamaga guramaçylykly taýýarlyk gördüler. Bu işler ýaş nesliň has-da kämil bilim almagynda örän uly ähmiýete eýedir.
Zarafat JUMANIÝAZOWA,
Farap etrabyndaky 18-nji orta
mekdebiň müdiriniň okuw
işleri boýunça orunbasary.
“Nesil” gazeti,
04.07.2022ý.