Durnukly ösüş babatynda 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň 17 maksadynyň «Hemmeleriň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek we olara bütin ömrüniň dowamynda okamaga mümkinçilik döretmek» atly 4-nji maksady bilimiň hilini ýokarlandyrmaklyga, onuň elýeterliligini we üznüksizligini üpjün etmeklige gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, durnukly ösüş babatynda 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň 17 maksadyny durmuşa geçirmeklige ýardam bermek üçin ÝUNESKO-nyň 40-njy Baş konferensiýasynda «2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň bähbidine bilim maksatnamasy» («Bilim — 2030») kabul edilýär. «Bilim — 2030» maksatnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylda geçirilen 74-nji mejlisinde ykrar edilýär.
«Bilim — 2030» maksatnamasy Global hereketleriň maksatnamasyna esaslanyp, onuň esasy maksady, durnukly ösüş üçin bilimi berkitmeklige hem-de durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-sine ýetmeklige ýardam bermek arkaly has adalatly, durnukly dünýäni gurmaklyga gönükdirilendir. «Bilim — 2030» maksatnamasynyň wezipesi, okuw ýagdaýyny, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekden, olaryň güýçlerini jemlemekden hem-de durnukly ösüşiň 17 maksadyny birleşdirmekden ybaratdyr.
Dünýäniň köp döwletlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzda durnukly ösüş üçin bilimiň emele gelmegi babatynda möhüm işler amala aşyrylýar. Durnukly ösüş üçin bilimi ösdürmekde gazanylan üstünliklere şu aşakdakylary degişli etmek bolar:
— ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynyň durnukly ösmegi üçin bilimiň esaslaryny emele getirmekde ekologiýa we daşky gurşawy goramak, geografiýa, biologiýa, durnukly ösüşiň ykdysadyýeti ýaly okuw dersleriniň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy;
— durnukly ösüş üçin bilimi emele getirmekde takyk we tebigy-ylmy dersleriň okadylyşyna aýratyn ornuň berilmegi;
— ýokary hünär bilim standartlaryna durnukly ösüşiň ýörelgeleriniň girizilmegi;
— durnukly ösüş üçin bilimiň institusional üpjünçiliginiň geljekki ulgamynyň ilkinji elementleriniň ýüze çykmagy (Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň düzüminde Strategik we durnukly ösüş müdirligi döredildi);
— durnukly ösüş boýunça okuw-ylmy merkeziniň döredilmegi (TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda durnukly ösüşiň wezipeleri boýunça Ylmy-usulyýet merkezi hereket edýär);
— okuw meýilnamalaryna durnukly ösüş boýunça ýörite okuw dersleriniň girizilmegi;
— durnukly ösüş boýunça okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň neşir edilmegi (Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda çap edilen «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitaby häzirki wagtda talyp ýaşlar, aspirantlar, doktorantlar, hünärmenler we raýatlar üçin durnukly ösüş boýunça bilimlerini artdyrmakda, ylmy işleri ýerine ýetirmekde gymmatly okuw-usuly gollanma bolup hyzmat edýär. Şeýle hem durnukly ösüş babatynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Milli syny neşir edildi);
— durnukly ösüş boýunça ýörite internet saýtlarynyň döredilmegi ýa-da internet saýtlarynda aýratyn bölümleriň açylmagy (Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi internet saýtynda «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek» atly bölüm, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň internet saýtlarynda durnukly ösüşe degişli dürli makalalardyr habarlar ýerleşdirilýär).
Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin bilimiň möhüm wezipeleri kesgitlenendir. Olara ulgamlaýyn dünýägaraýşy we strategik pikirlenmegi ösdürmek, jemgyýetiň durnukly ösüşine ýardam edýän täze bilimleri, başarnyklary we endikleri, ukyplaryny döretmek, ýokary ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, durnukly sarp etmegi öwretmek, işjeň raýatlygy terbiýelemek we beýlekiler degişlidir.
Durnukly ösüşiň maksatlaryna amal etmekde ýokary okuw mekdepleriniň eýeleýän orunlary juda uludyr. Olar täze bilimleri döretmek we ýaýratmak bilen jemgyýetde özboluşly orny eýeleýärler. Ýokary okuw mekdepleri dünýä, sebit we milli innowasiýa merkezleri hökmünde ylmy gözlegleri alyp barmak, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak, täze bilimleri döretmek arkaly ýurduň tehnika we tehnologik taýdan ösmegine itergi berýärler.
Hünär bilimi maksatnamalarynyň çäginde durnukly ösüşiň maksatlaryny we bilimiň ýörelgelerini birleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak arkaly ýolbaşçylar, hünärmenler we mugallymlar üçin durnukly ösüşiň maksatlary boýunça gysga möhletli okuwlary guramak, okuwlara durnukly ösüşiň maksatlary bilen baglanyşykly meseleleri girizmek ýaly zerur işler halkara tejribesinde uly orna eýe bolýar. Geljekki hünärmenler hökmünde talyplaryň durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmäge goşant goşmaklaryny gazanmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň amala aşyrýan wajyp işleriniň hatarynda, ulgamlaýyn pikirlenmegi we meseleleri toplumlaýyn çözmegi öwretmek, kadalaşdyryjy, strategiki we umumy ygtyýarlyklary, döredijilik, başarjaňlyk, bilesigelijilik başlangyçlary, öwreniş endikleri, jemgyýetçilik jogapkärçiligi, adamlar bilen aragatnaşyk saklamak ukybyny döretmek durnukly ösüşiň maksatlarynyň her birine göni ýa-da gytaklaýyn degişli derslerden binýatlyk bilimleri bermek, durnukly ösüşiň maksatlarynyň düzümini, olaryň ähmiýetini we ulanylyş ýagdaýlaryny bilmeklerini hem-de düşünmeklerini gazanmak ýaly ugurlary görkezmek bolar.
XXI asyrda bütin ömrüň dowamynda üznüksiz bilim almak ýörelgesi öň hatara çykdy. Üznüksiz bilim durnukly ösüşi üpjün etmegiň girewi hökmünde çykyş edýär. ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda kabul edilen kararnama laýyklykda, 2022-nji ýyl durnukly ösüşiň bähbitleri üçin takyk ylymlaryň halkara ýyly diýlip yglan edildi. Ýurdumyzda tebigy we takyk ylymlaryň okadylyşyny kämilleşdirmeklige uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran 2006-njy Karary bilen Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Şeýlelikde, ýurdumyzda durnukly ösüşiň çygrynda ýaşlaryň zerur dersleri çuňňur öwrenmeklerini üpjün etmek, mugallymlaryň bilimlerini artdyrmak, okuw-usuly gollanmalaryna we okuw serişdelerine bolan elýeterliligi gazanmak, döwlet we halkara derejelerinde bilim maksatnamalarynyň kybapdaş bolmagy ugrunda işleri alyp barmak, döwlet gullukçylarynyň we jemgyýetiň dürli ýaýrawlarynda dolandyryş çözgütlerini kabul edýän şahslaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak durnukly ösüş üçin bilimi ösdürmeklige has-da itergi berer.
Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
ylmy işler boýunça prorektory,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.
“Biznes reklama” gazeti,
11.07.2022ý.