JEMGYÝETIŇ GYMMATLY ÝÖRELGELERI

Ylym hem-de bi­lim ul­ga­my­na jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň yk­dysa­dy, aň-bi­lim kuw­wa­ty­ny berkit­mek­de mö­hüm orun de­giş­li bo­lup dur­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­by­nyň «Ylym-bi­lim dur­mu­şa ýag­ty saç­ýar» at­ly bö­lü­min­de iň gym­mat­ly mi­rasyň ter­bi­ýe­di­gi, ter­bi­ýä­niň öze­ni­niň bol­sa ylym-bi­lim­di­gi ba­ra­da­ky pi­kir öňe sü­rül­ýär. Ki­tap­da­ky: «Ylym ne­ti­je­li­lik­dir, bi­lim tej­ribe­dir. Bi­lim yl­ma bar­ýan ýag­ty­lyk bo­lup, on­da hem paý­has, hem-de ha­dy­sa­la­ryň göz ýe­ti­ri­len ha­ky­ka­ty bar­dyr» di­ýen pa­ra­sat­ly pi­kir­ler türk­men hal­ky­nyň yn­san­per­wer ga­raý­şy­ny şöh­le­len­dir­ýär.

Ki­tap­da ata-ene­le­ri­mi­ziň ylym-bi­lim, hü­när öw­ren­mä­ge bo­lan gat­na­şy­gy döw­let­li ýö­rel­ge­le­riň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­ýär. Her bir yn­san ýaş­ly­gyn­dan alan ter­bi­ýe­si, bi­li­mi, dur­muş tej­ri­be­si esa­syn­da öz-özü­ni kä­mil­leş­dir­ýär, ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da kalbyn­da ga­lan mil­li edep-ek­ram ýö­rel­ge­le­ri uly mak­sat­la­ra ba­dal­ga ber­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Hal­ky­my­zyň paý­has­ly ýaşaý­şy­na «Ylym­ly — ozar» di­ýen ýö­rel­ge pug­ta or­na­şyp­dyr. Türk­men er­te­ki­le­rin­de hem özü­niň äh­li baý­ly­gy­ny ylym-bi­lim, hünär öw­ren­mä­ge ba­gyş­la­ýan gah­ry­man­lar üs­tün­lik ga­zan­ýar­lar» di­ýip bel­le­ýär. Bi­lim­li ada­myň mil­le­ti­niň döw­let­li ýö­rel­ge­si­ni özleş­di­rip, daş-tö­we­re­gi­ňe ýag­şy tä­sir et­jek iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dy­gy bara­da­ky pel­se­pe öňe sü­rül­ýär.

Gel­jek ne­sil­ler üçin mak­sat­la­ýyn gö­nükdi­ri­ji­le­re ýet­me­giň esa­sy­ny dö­ret­mek­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da beý­le­ki ugur­lar bilen bir ha­tar­da, bi­lim ul­ga­my­na esa­sy orun de­giş­li bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da in­no­wasi­ýa­lar, ylym we bi­lim, san­ly bi­lim, ma­li­ýe, hyz­mat­lar we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­na ma­ýa go­ýum­la­ry çek­me­giň ugur­la­ry­ny giňelt­mek, yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­düril­me­gi ýa­ly we­zi­pe­le­re uly üns be­ril­ýär. Ýaş­la­ryň kä­mil bi­lim­li bol­mak­la­ry, hü­när we ylym öw­ren­mek­le­ri üçin dür­li müm­kinçi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Bi­lim­li, ylym­ly bol­ma­gyň mak­sa­dy öz saý­lap alan kä­ri­ňi, hü­nä­ri­ňi yl­ma, edep-ekra­ma bes­le­mek­dir. Her ýyl or­ta mek­de­bi ta­mam­lan uçu­rym­lar, dür­li ul­gam­lar­da zäh­met çek­ýän ýaş­lar ýo­ka­ry we or­ta hü­när mek­dep­le­ri­ne da­laş­gär bo­lup, gi­riş sy­nagla­ry­ny üs­tün­lik­li tab­şy­ryp, «ta­lyp» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bol­ma­gy ar­zuw ed­ýär­ler. 8-nji iýul­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Buý­ru­gy­na laýyk­lyk­da, 2022-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rine oku­wa ka­bul et­me­giň me­ýil­na­ma­la­ry tas­syk­la­nyl­dy. Ne­sip bol­sa, bu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul ediş­lik 11-nji iýul — 26-njy aw­gust ara­lygyn­da gu­ra­lyp, gi­riş sy­nag­la­ry ­we­la­ýat merkez­le­rin­de we Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.

Ylym-bi­li­miň ös­dü­ril­me­gi, bu ul­ga­myň jem­gy­ýe­tiň äh­li gym­mat­lyk­la­ry, dur­muşyk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň äh­li ugur­la­ry bi­len saz­la­şy­gy kä­mil­li­giň, ösü­şiň, bag­tyýar­ly­gyň ala­ma­ty­dyr. Şo­nuň üçin döw­let ­Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul edil­ýän möwsü­mi ýo­ka­ry de­re­je­de, hiç bir kem­çi­lik­siz ge­çi­ril­me­li­di­gi ba­ra­da tab­şyr­ma­gy hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­mi­ze ze­hin­li we zäh­met­sö­ýer ýaş­la­ryň ka­bul edil­me­li­di­gini nyg­tap, bi­lim öz­gert­me­le­ri­ni ge­çir­me­gi çalt­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­me­gi jem­gy­ýe­ti­miz­de uly joş­gun bi­len gar­şy­lan­dy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­da: «Häzir­ki dö­wür­de biz Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik üs­tün­lik­le­ri­niň bin­ýa­dy­ny ylym-bi­li­miň ösüş­le­rin­de gör­ýä­ris. Ýur­du­my­zyň gel­je­gi adam­lar­da­dyr, ola­ryň dö­re­di­ji­lik uky­byn­dadyr diý­mek bi­len, biz ylym-bi­lim ul­ga­mynda­ky ne­ti­je­li işiň der­wa­ýys­dy­gy­ny na­za­ra al­ýa­rys. Ýur­duň ösü­şi, il­kin­ji no­bat­da, on­da ylym-bi­li­miň döw­re­bap ösü­şi ba­bat­da­ky dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler­de jem­le­nendir» di­ýip bel­le­ýär. Ýur­du­my­zyň in­no­wasi­ýa ösü­şi­ne la­ýyk­lyk­da, bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek, san­ly se­riş­de­le­ri giň­den peý­da­la­nyp, bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak, hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek baş mak­sat­la­ryň bi­ri­dir.

Mil­li bi­lim we ylym ul­ga­my­ny kä­mil­leşdir­mek, iň tä­ze en­jam­la­ry we öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak, de­giş­li dü­züm­le­ri top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyrmak bo­ýun­ça anyk çä­re­ler öz ne­ti­je­le­ri­ni hem ber­ýär. Döw­rüň ýag­daý­la­ry­ny hem-de gel­jek üçin uly me­ýil­leri na­zar­da tu­tu­lyp, ka­bul edil­ýän mak­sat­na­ma­lar ylym-bi­lim ulga­myn­da, jem­gy­ýet­de tä­ze­le­ni­şiň we ösü­şiň yzy­gi­der­li do­wam et­me­gi­ne şert­le­ri üp­jün ed­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ugur­la­ry üçin ze­rur bo­lan hü­när­men­le­ri taý­ýar­lamak mak­sa­dy bi­len, ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de tä­ze, döw­re­bap hü­när ugur­la­ry yzy­gi­der­li açyl­ýar. Ne­sip bol­sa, täze okuw ýy­lyn­dan bi­lim ojak­la­ryn­da tä­ze hü­när­le­riň ýe­ne bir­nä­çe­si açy­lar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­tap­la­ry hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny, ta­ry­hy­ny, mede­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mek, ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek işin­de ba­ha­syz gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu aja­ýyp ki­tap­lar hal­kyň do­wamat-do­wam bo­lup gel­ýän asyl­ly däp­le­ri­niň, yl­my we dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ni alyp bar­ma­gyň ka­da­la­ry­nyň öz­leş­di­ril­me­gi­ne, işe dö­re­di­jilik­li çe­me­leş­mek ýa­ly ukyp­la­ryň ös­me­gi­ne ön­jeý­li tä­sir edip, ne­sil­ler­den-nes­le geç­jek mi­ze­mez mi­ra­sa öw­rül­ýär.

 

Şirinjemal ALLABERDIÝEWA,

Ak bugdaý etrabyndaky

19-njy orta mekdebiň mugallymy.

 

“Ahal durumşy” gazeti,

13.07.2022ý.

Meňzeş habarlar