KÖRPELERIŇ SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULLARY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek dünýä ülňülerine laýyklykda dowam etdirilýär. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.

Häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesliň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn kemala getirilmegine aýratyn üns berilýär. Körpeleriň mekdebe ykjam taýýarlykly barmagynda olaryň sözleýiş dilini kadaly ösdürmegiň ähmiýeti uludyr. Çaganyň sözleýşiniň ilkinji şineleri maşgalada kemala gelýän hem bolsa, onuň göwnejaý ösüşinde terbiýeçidir usulyýetçileriň we çagany gurşap alýan köpçüligiň täsiriniň bardygyny bellemek gerek. Dil bitip barýan körpäniň sesleri dogry aýdyp bilmegini, sözlük goruny ýaşyna görä baýlaşdyrmagy, baglanyşykly sözleýşini ösdürmegi we sözdür sözlemleri dogry aýtmagyny ýola goýmak mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň esasy borjy bolup durýar.

Ýöriteleşdirilen çagalar bagyndaky we toparlaryndaky çagalaryň adaty mekdebe çenli ýaşly çagalar bagyndaky çagalardan tapawutlylykda, söz baýlygy çäklidir. Sözleýşiň grammatik taýdan gurluşy, ses taýdan aýdylyşy bozulan, görüş, eşidiş ünslüligi, ýatkeşligi, pikirlenişi, eliniň ownuk hereketi, umumy hereketi ýeterlik derejede ösmedik çagalar bilen işlemäge, olarda sözleýiş diliniň ösüşini kämilleşdirmäge döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär. Dil düzediş işlerini amala aşyrmak her bir terbiýeçiniň we dil düzediş mugallymynyň paýyna düşýär.

Ýöriteleşdirilen çagalar baglarynda (toparlarynda) dil düzediş sapaklary dil düzediş işiniň esasy bolup durýar. Onda körpeler hemmetaraplaýyn üns merkezinde saklanylyp, olar mekdebe taýýarlanylýar. Ak mekdeplere ilkinji gadam basjak çagalar, ýörite okuw maksatnamasyna laýyklykda, dürli dersler boýunça bilim alýarlar. Körpeler mekdepde kynçylyk çekmez ýaly, çagalar baglarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparyna gatnaýan çagalar bilen sesleri dogry aýtmak, söz goruny baýlaşdyrmak ýaly birnäçe usuly işler guralýar. Çagalaryň döwrebap bilim almagynda şol geçirilýän işleriň ähmiýeti uludyr.

Sowat öwretmek sapagynyň esasy maksady çagalaryň çekimli we çekimsiz sesleri tapawutlandyryp bilmeklerinden, çekimli sesleri ýogyn we inçe, çekimsiz sesleri dymyk we açyk aýdylyşy boýunça hem-de artikulýasiýasynyň orny boýunça tapawutlandyryp bilmeklerinden, harplar bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çagalara sapakda sesi harpdan tapawutlandyryp, bir-iki bogunly sözleri ses taýdan derňemek, harplardan «bogun», «söz» düzüp okap bilmek, «sözleme» düşünmek, sözlemde sözleriň sanyny bilmek başarnyklary öwredilýär.

Sözleýiş ösüşi çäkli bolan çagalara sowat öwretmek iş tejribesinde doly elipbiý boýunça okatmak umumy bilim berýän mekdepleriň 1-nji synpy üçin taýýarlykly barmaga ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, okuw sapagynda çagalar hiç hili emosional dartgynlylyk duýmaz ýaly, olaryň erkin we höwesli gatnaşmaklary ýola goýulmalydyr. Ses düzediji mugallym hem mylakatly bolmalydyr. Ol çagalaryň ünsüni öwredýän maglumatyna çekmegi başarmaly, sesleri we bogunlary çagalaryň dolulygyna dogry kabul etmekleri üçin onuň ses belentligini we dil hereketlerini dürs ýerine ýetirmegi zerurdyr.

Ýurdumyzyň körpe neslini geljegimiziň ak daňlaryna atarýan, olar hakynda uly aladalary edip, ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Almagül HALJANOWA,

Aşgabat şäherindäki 18-nji çagalar

bagynyň dil düzediş mugallymy.

 

“Mugallymlar” gazeti,

11.07.2022ý.

Meňzeş habarlar