Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler otagynda Esenguly etrap prokuraturasynyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy mundan beýläk kämilleşdirmek bilen bagly geçiren maslahatynda eden taryhy çykyşyny ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy mundan beýläk kämilleşdirmek maksady bilen etrabyň ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysady özgertmeleri üpjün edýän maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Düýpli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Bitarap Döwletimiziň Gelejegi, Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, Halk maslahatynyň düzüminde döredilen komitetleriň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda döwletimiziň kuwwaty hasaplanýan ýaşlarymyzyň nurana gelejegi hakyndaky aladalar hem bar. Muňa görä ýörite ýaşlar hakyndaky kanunyň taslamasy hem ýakyn wagtda işlenilip taýýarlanar. Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär diýip giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýle hem maslahatda Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmek, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlary ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek bilen bagly öňde goýan wezipeleri giň beýanyny tapdy. Şeýle-de çärede bu hukuk meseleleri boýunça sorag-jogap alşyldy.
Çärede halkymyzyň bolelin erkana, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, ýaşlaryň ylymly-bilimli, milli kanunçylygy kämilleşdirýän, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman bolmagy arzuw edildi.
Aýjemal DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.