Mähriban Arkadagymyzyň “Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir. Men merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hasaplaýaryn!” diýen dürdäne sözlerinden ugur alyp, ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhy belentlik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar etrap Geňeşiniň guramagynda Janahyr şäherçe medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp zamanamyzda döredilip berilýän giň gerimli mümkinçiliklerden peýdalanyp,päk ahlakly, edepli-ekramly, ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli, zähmetsöýer, Watansöýüji, ilhalar ýaşlar bolup ýetişmelidiklerini aýdyp geçdiler. Sözleriniň ahyrynda şeýle eşretli zamanada ýurdumyza, kanunlarymyza, Döwlet nyşanlarymyza buýsanyp ýaşamaga, okamaga, hünär öwrenmäge, halal we öndürijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýdyp, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýbibi TÄÇMYRADOWA,
TMÝG-niň Serdar etrap Geňeşiniň
jogapkär işgäri.