Wagyz-nesihat çäresi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi tarapyndan wagyz-nesihat çäreleri, Ýaşlar bilen duşuşyklar yzygiderli geçirilip durulýar. Şeýle maslahatlaryň biri-de, ýakynda Esenguly etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler otagynda “Jemgyýetiň ruhy-ahlak sagdynlygy, nesil terbiýesi esasy meseleleriň biridir” atly şygar astynda geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, tejribeli mugallymlar, lukmanlar, ýaşlar, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Ýaş nesliň aladasyny edýän ýurduň geljegi ýagty, ertiri röwşen bolýandyr. Bu hakykata “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda has aýdyň göz ýetirýäris. Arkadagly Serdarymyz ýaş nesil hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Bu baradaky delilli gürrüňler edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ynsanperwer, watançy, belent ahlakly, ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin tagalla baryny edýändigi buýsanç bilen bellenildi.

Maslahata gatnaşanlar ýaşlar hakynda edýän uly aladasy üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY