Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilikli syýasaty: ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň agzalary, döredijilik we bilim işgärleri, talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler 29-njy iýunda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň VI sammiti Hazarda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin özara bähbitli täze ylalaşyklary gazanmak babatda netijeli gepleşikleriň meýdançasyna öwrülendigini şeýle-de 20 ýyl mundan ozal Hazarýaka sebitiň merjen şäheri Aşgabatda başlanan ýoluň ýene täzeden gözel paýtagtymyzdaky başlangyjy, Hazaryň ýagty ertiri we sebitiň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegi üçin gerek bolan täze hukuk binýadyny döreden ýoluň täze badalga nokady bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Täze taryhy zamanada ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşygy esasynda guralýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Hazar sebitinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Bu babatda Hazaryň ägirt uly, dürli ugurly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak boýunça görülýän yzygiderli çäreler, bu ugurda anyk başlangyçlaryň öňe sürülmegi, gojaman Hazaryň «Parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi» diýen derejä eýe bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berilmegi möhüm wezipe bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Hazar meselesi boýunça duşuşyklaryň we forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek.
Hut şoňa görä-de, Hazar deňzinde berk parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamak, Hazar sebitini ösdürmek üçin ygtybarly syýasy we hukuk kepilliklerini üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu görnüşdäki duşuşyklary mundan beýläk-de yzygiderli geçirmegiň wajypdygy nygtaldy. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň hökümetleriniň we aýry-aýry pudaklarynyň derejesindäki gepleşiklere hem degişlidir.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda adam hakdaky aladany ähli zatdan ileri tutýan, dünýäde ösüş arkaly parahatsöýüjülikli umumadamzat ýörelgeleri amal edýän, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmak, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan, milli türkmençilik ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy döwrebap ösdürmäge giň ýol açýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy bolan «Altyn Bürgüt» ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.