“Beýik maksatly nesiller Arkadagly Serdarymyz bilen’’

2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda Kerki etrabynyň edara-guramalarynda zähmet çekýän ýaş işgärleriň we ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri we ýaşlar barada döredilýän mümkinçilikleri wagyz etmek maksady bilen “Beýik maksatly nesiller Arkadagly Serdarymyz bilen’’ atly aýdym-sazly maslahat geçirildi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar we başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän kanunçylyk-hukuk özgertmelerinde jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ileri tutulýar.  Şol ýörelgeler ýaşlary terbiýelemek boýunça halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak, umumyadamzat gymmatlyklary we asylly däp-dessurlary bilen sazlaşykly utgaşýar. Ýaş nesliň we tutuş ilatyň konstitusion hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär. Ýaşlar türkmen jemgyýetiniň esasy bölegini düzýärler. Häzirki döwrüň ýaşlary jemgyýetiň iň işjeň bölegi bolmak bilen dürli ulgamlarda ýüze çykýan innowasion taslamalary çalt özleşdirmäge, bilimiň we ylmyň täze belentliklerine çykmaga ukyplydyrlar diýip maslahatda çykyş edenler belledi. Maslahatyň dowamynda Kerki etrap medeniýet bölüminiň işgärleri aýdym-sazly folkýor çykyşlary ýerine ýetirdiler. Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

A.Rahmanowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY