Her bir işde millilige aýratyn ähmiýet berýän Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň maşgala gymmatlyklary, milli däp-dessurlarymyzy özleşdirmek arkaly döwrüň talabyna laýyk derejede terbiýelenmegini nygtaýar. Mähriban Arkadagymyzyň sargaýan halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti, maşgala gymmatlyklary, gyz edebi, taryhy şahsyýetlerimiziň mysalynda ýaşlarda watan diýen düşünjäniň mukaddesligini terbiýelemek, adamy zähmetiň bezeýändigini, halal zähmetiň hözüri, jemgyýetiň ösmeginde dürli hünärleriň öz ornunyň bardygy, sagdyn durmuş kadalarynyň berjaý edilmegi, ýaşlaryň ylym-bilimde, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, sanly tehnologiýalar ulgamynda ornuny barha berkitmegi döwletimiziň ertirki ösüşleriniň kepili, häzirki döwrüň bolsa wajyp talaby, sazlaşykly ösüşiň zerur şertidir.
Bilşimiz ýaly, nesilleriň we döwürleriň arasy milli medeniýet bilen baglanyşdyrylýar. Onsuz halkyň ata-babalaryndan galan ruhy mirasynyň eýeçiligine bolan özygtyýarlyklary hakynda söz açmak mümkin däl. Adata öwrülen medeniýetiň akymynda halkyň gymmatlyklar ulgamy kemala gelýär, gadymy geçmişi bilen arabaglanyşygy amala aşyrylýar we geljekki ösüşleriniň binýady tutulýar. Bu aýdylanlar köpöwüşginli milli mirasymyzy gorap saklamagyň, olaryň nesil terbiýesinde milli ýörelgeler bilen ýugrulmagynyň meselelerini jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň wajyp şertleriniň biri hökmünde ileri tutmaga doly esas berýär. Ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemegiň wajyplygy Hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde bolmak bilen, jemgyýetiň ertirki ösüşiniň adam maýasyny emele getirýän ýaş nesiller baradaky alada ýurdumyzyň islendik pudagynda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar.
Ata-babalarymyzyň paýhasy bilen durmuşyň edep kadalaryna öwrülen halk nakyllaryny jemleýän Mähriban Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitaby ýaşlary akyl we ahlak ýörelgelerine eýlenen aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummana çalym edýän paýhasly pikirler arkaly terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki, türkmen halk nakyllary geçmişiň hakydasyny, durmuş tejribesini özüne siňdirip, pikir çugdamlygy, many goýazlygy, durmuşylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Many taýdan maňyzly nakyl arkaly düşündirilýän her bir pikir adamyň ýüregine çüňk bolýar duruberýär, şol bir wagtda milli nakyllar ýaşlarda akyl taýdan pikir ýöretmek döredijiligini hem ýiteldýär. Pederlerimiziň “At gylygyndan iýmini artdyr, gyz gylygyndan sepini” diýen nakylyny mysal alsaň, onuň aňyrsynda giden bir many bar. Nakylda bedew atyň duýgurlygy, syzgyrlygy, eýesine wepalydygynyň özüne hormat getirýändigi, bedewiň öz iýmini artdyrýandygy bilen birlikde, durmuşa çykmaly gyz maşgalanyň göze görnüp ugrandan ene-mamalaryň durmuşyň endigine eýerip gyz maşgalany özbaşdak durmuşa taýýarlamaga girişýän şaý-sepiniň, tikin-çatyn işleriniň barha artýandygy beýan edilýär. Sebäbi türkmen maşgalasynda gyz perzent eli iňňe tutmaga ýarandan oňa hünär öwredilýär. Ilki bir bölejik matanyň ýüzüne gaýma gaýadyp, keşde çekdirilýär soňra bolsa, kiçijik halyçajyklar ýüwürdilip, dokma-darak tutmany, darak kakmagy öwredýärler. Halkymyzda haly kesilende “ýenede haly kesmek miýesser etsin” diýen ýagşy niýet bilen ýüpi maňlaýyňa daňylýar. Munuň özi, gyz maşgalanyň ýaşlykdan zähmete werdiş bolmagyna, zähmetde bişmegine iteri berýär. Bularyň ählisi Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arasynda hünär bäsleşiklerini guramak bilen bagly işleriň giňden alnyp barylmalydygy, gyzlaryň arasynda el hünärlerine degişli çäreleri geçirmegiň wajypdygy baradaky tabşyryklarynyň ähmiýetiniň gadymdan gelýän “el hünäri il gezer” diýen pähiminde öz beýanyny tapýandygyny tassyklaýar.
Aşyrowa Merjen,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň talyby.