Halal zähmet, ýaşlara görüm görelde

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzyň raýatlaryny terbiýelemek üçin, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem, arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Ata – babalarymyzdan gelýän “Halal işle, haýyr tap” diýen pähiminden ugur alýan halkymyzyň döwrüniň gadyr-gymmaty häzirki döwürde halal ýaşap, halal zähmet çekmeginde jemlenýär. Ilatyň abadan bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitleýän Mähriban Arkadagymyz her bir çykyşynda diýen ýaly, ýaşlara döwrebap terbiýe bermek meselesi barada aýratyn durup geçýär. Eger-de adam ýaşlykdan halal bilim almaga we zähmet çekmäge uýgunlaşsa ol durmuşda horluk çekmeýär. Şoňa görä-de, ýaşlary mekdep ýyllaryndan başlap arassa-halal zähmet çekmäge endik etdirmek we bu endigi olaryň häsiýetine geçirmek bolsa terbiýeçilik ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri hasaplanylýar. Çünki, ýurdumyzyň, halkymyzyň geljegi şolar bilen üznüksiz baglydyr.

Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, ruhubelent, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär. Ata-enäniň alan deri, halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly mekdepdir. Eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna bolsa agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek – birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr – kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk – häsiýetler mahsusdyr. Ynsan durmuşy, jemgyýetçilik ýaşaýşy, üstünlikleri adamlaryň watana, halka, işine wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýar. Halallyk – halal zähmet, ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň kemala gelmegini aňladýar. Şonuň üçin hem, nesillermize halallygy öwretmek, halal ýola ugrukdyrmak, ýagty, bagtyýar gelejegiň binýadyny gurup bermekdir. Halallyga gol ýapyp, arassalygy, päkize ynsaplylygy durmuşa ornaşdyrmak päk maksada okgunly döwrebap şahsyýeti kemala getirmekdir. Pederlermiziň bize miras goýan “Halal zähmet – baky döwlet” diýen ýörelgesi arassa zähmete, halal gazanja uly hormat goýulmagyny, bagtyýar durmuşda halal zähmet çekmelidigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Watan bähbidiniň ähli zatdan ýokary bolmalydygy­ny, pederlerimiziň “Baýlyk malyň köplüginde däl, göwnüň doklugynda” ýaly halal ýaşamak hakyndaky nakyllaryny mysal getirmek bilen päk, arassa, halal zähmet çekip ýaşamak ýörelgeleri barada ündeýär. Halal baýlygyň çeşmesi zähmetdir. Halal zähmet çekmek, halal gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy baradaky aladalar bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyzyň “Halal mal dama-dama hasyl bolar, haram bolsa çabgaly ýagyş ýaly iner” diýip nygtap geçmegi, köp bolup hapa bolandan, az bolup tämiz bolany haýyrlydygyny görkezýär. Şonuň üçin hem, pederlerimiz bize halal ahlakly, päk ruhly, halal ýol bilen ýöremegi, ýaşaýşa höwesi, döredijilikli ýaşamagy miras goýupdyrlar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Älem içre adam galmaz, at gezer” ýaly dürdäne setirleri hiç wagt öz gymmatyny ýitirmeýän öwüt-ündew bolup durýar. Çünki, dünýäde halal zähmet çekip, akýürekliligi bilen ýagşy at galdyrmak her bir ynsanyň borjudyr.

Jumaýewa Bägül,

Türkmenistanyň Daşary işler

ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY