Çagalaryň garaşan arzyly günlerinde welaýatlarymyzyň ählisinde bolşy ýaly, Serdar şäherindäki "Dürdäne" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. 2016-njy ýylda gurlup, ulanylmaga berlen bu merkez Gahryman Arkadagymyzyň çagalara eden ajaýyp sowgady boldy. Şu möwsümde bu merkez çagalaryň 300-ini kabul edip, dört tapgyr boýunça dowam eder. Merkezde çagalar üçin üsti açyk we ýapyk howuzlar, amfiteatr, kinozaly, mejlisler zaly, sport meýdançasy, naharhana we arassa ýatakhanalar bar. Ussat mugallymlar tarapyndan hereket edýän kitaphana we kompýuter otaglary hem çagalaryň dynç alşyna oňyn täsirini ýetirýär.
Merkez alty ýaşdan on dört ýaş aralygyndaky çagalary kabul edip, olar özara "Bagtyýar", "Rowana", "Oguz han", "Şadyýan", "Watan", "Berkarar" ýaly atlar bilen toparlara bölünýär. Her toparyň adyna körpeler tarapyndan mynasyp şygarlar hem döredilýär. Mysal üçin:
"Şadyýandyr" adymyz,
Watan göwün şadymyz
Bu Berkarar ýurdumda
Diňe öňe badymyz.
Çagalaryň dynç alyş günlerinde şaşka, küşt, aýdym-saz gurnaklary bilen birlikde kompýuter, gyzjagazlar üçin el işleri, oglanjyklar üçin durmuş zähmeti ýaly gurnaklary hem hereket edýär. Çagalaryň wagtlaryny şadyýan we manyly geçirmekleri üçin ýerli jemgyýetçilik guramalary hem ýörite bäsleşikler we dürli görnüşli sport ýaryşlaryny yzygiderli guraýar.
Oguljahan Weliýewa,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Serdar şäher
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.