“SAGLYGYM BAR –BAÝLYGYM BAR”

Ata watanymyzda  ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, ýaramaz endiklerden daşda saklamak, watanymyza, milli mirasymyza, taryhy geçmişimize söýgi döretmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda sporty ösdirmek bilen baglanşyky işler giň gerimde rowaçlanýar. Türkmenistanlylaryň sport bilen meşkullanmaklary babatdaky alada ýurdyň döwlet syýasatynda mynasyp orun eýeleýär. Mähriban diýarymyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökminde sporta aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň baş maksady bolsa täze nesli beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ýokary bilimli, maksada okgunly edip ýetişdirmekdir. Esasy wezipe biziň sporty ösdirmek babatdaky tagallalarymyzyň ildeşlerimiziň arasynda uly goldaw tapýanlygydyr. Ýurdymyzda spor bilen meşgullanmagyň köpçilikleýin häsiýete eýe bolýanlygydyr. Häzir türkmenistanlylaryň özleri üçin amatly wagty saýlap, sport bilen meşgullanmagy gündelik endige öwirýändikleri bellenilmegi ýagdaýdyr. Häzirki döwirde diňe türgenlerimiz däl, eýsem, ykdysadyýetiň dürli pudagynda işleýän işçiler, gullukçylar, daýhanlar, telekeçiler, garaz jemgyýetçiligiň uly topary sportda ezberliklerini artdyrmaga çalyşýarlar. Şonuň üçinem bizde höwesjeň woleýbolçylaryň, küşçileriň, futbolçylaryň, hokkeýçileriň, pälwanlaryň çapyksuwarlaryň sany örän köpdür. Men şuny ynamly aýdýaryn. Çünki sagdyn durmyş ýörelgelerini wagyz etmegiň, sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň barha rowaçlanýan çäreleri muny dolulygyna subut edýär. Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç  hökmünde garaýarys. Soňky ýyllarda ýaşlaryň akyl zähmetiniň, döredijilik üstünlikleriniň ýygjamlaşmasynyň aglabasy sportuň berýän oňyn netijeleridir. Adam bedenini hem-de aň-paýhasyny kämilleşdirýän sportuň ähmiýeti ýaşlaryň arasynda barha ýokarlanýar. Iň esasy hem bedeniňi syratly edip, juwanlyk görküňi saklamaga täsir edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrinde Hormatly Prezidentimiziň saýasynda raýatlaryň sporta bolan höwesi gitdigiçe artýar.

Şundan ugur alnyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş dynç-alyş merkezleri ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurulýar. Gözel    paýtagtymyzda bolsa, özboluşly olimpiýa şäherjiginiň döredilmegi, halkara olimpiýa komitetiniň we aziýanyň olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Il bähbitli umumadamzat ähmiýetli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

 

 

Aýnabat Ataýewa

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň  

Medeniýet bölüminiň hünärmeni