Ýurdumyzda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylary Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýarlar. Bu ajaýyp zolakda çagalar özleriniň wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan düzilen ýörite meýilnama esasynda çagalar bilen gyzykly çäreler, duşuşyklar, täsirli gezelençler, sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri geçirýärler. Ýakynda TMÝG-niň Balkan welaýat, Türkmenbaşy şäher Geňeşleri şeýle, hem Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasatynyň Baş müdirligi bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpeleriň arasynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen kenar ýakasynda çygly çägeden şekil ýasamak boýunça bäsleşigi geçirildi. Oňa gatnaşan çagalar özleriniň çeken suratlarynda gül açýan Watanymyzyň tebigy gözelliklerini, ajaýyp «Awaza» zolagyny, arassa durmuşyň nur saçýan bagtyýarlygyny, çaga şatlygyny, zähmet we sport ýeňişlerini, ynsan ömrüni bezeýän ajaýyplyklary şekillendirdiler. Bäsleşigiň netijesinde «Awaza» topary birinji, «Asuda» topary ikinji, «Şatlyk» topary bolsa üçünji orunlary eýelediler.
«Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň sport meýdançasynda «Berkarar döwletiň sagdyn nesilleri» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşigi hem täsirli boldy. Gyzykly we çekeleşikli geçen sport bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra bolsa çagalar“Awaza” derýasynda gaýykda gezelenç etdiler we tebigatyň ajaýyp gözelliklerine syn etdiler.
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Jogapkär işgäri Gülnara Sarybaýewa