“Biz-bagtyýar nesiller”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki wagtda tomus paslynyň şatlykly günlerini başdan geçirýän bagtyýar nesillerimiziň mynasyp dynç alyşlaryny, wagtlaryny peýdaly geçirişlerini synlanyňda mizemez durmuş hakykatlary bilen ýene bir ýola ýüzbe-ýüz bolýarsyň. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyşlaryny hoşlukda geçirýän çagalaryň bagtyýarlygy hormatly Prezidentimiziň çagalar barada döwlet derejesinde edýän çäksiz aladalarynyň ajaýyp miwesidir. 

         Tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek, çagalaryň dynç alyşlaryny şowhunly geçirmek maksady bilen TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan hem “Biz-bagtyýar nesiller” ady bilen“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Balkan” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde sportyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşige gatnaşan we bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Sarjagulowa Şirinnabat,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar