Hormatly Prezidentimiziň ýurdymyzy mundan beýläk-de galkyndyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdymyzyň ýaşlarynyň arassa ahlakly, sagdyn bedenli zähmet söýer ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak barada ýurdumyzda uly işler alyp barýar. Muňa göräde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary ýerlerde yzygiderli medini-sport çärelerini, wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýärler.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Esenguly etrap birleşmesi we etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde sport mekdebine gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda sportuň stoluň üsdünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Dört topardan ybarat bolup geçirlen ýaryşda birinji orny sport mekdebiniň “Nesil” toparynyň düzüminde çykyş eden Mämmedoraz Hojagulyýew mynasyp boldy.
Çekeleşikli geçen ýaryşda degişli orunlara mynasyp bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Esenguly etrap birleşmesiniň adyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bagtyýar MATDYÝEW,
TMÝG-niň Esenguly etrap
Geňeşiniň jogapkär işgäri.