Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar.
Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlar resminamalaryny tabşyrýarlar. Bu möhüm we iňňän jogapkärli wezipäni guramaçylykly geçirmek üçin işler talabalaýyk alnyp barylýar. Biz muňa ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolanymyzda dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek üçin ýörite iş toparynyň döredilendigine, bellenilen möhletde işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygyna, ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça ugrukdyrylýandygyna göz ýetirdik. Ýörite iş toparynyň agzalary bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar ýola goýlan işleriň ýokary derejede alnyp barylýandygyny beýan etdiler. Ýoluňyz ak bolsun, mähriban ýaşlar!
Ýörite habarçy.
“Mugallymlar” gazeti,
18.07.2022ý.