OKUW IŞINIŇ GURALYŞY

Ýaş nesli hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek üçin uly aladalar edilýär. Olaryň ylym-bilimden ýüki ýetik, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda çäksiz işler durmuşa ornaşdyrylýar. Okuw mekdeplerimiziň döwrebap kompýuterler, multimedia we interaktiw tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýurdumyzda her bir çaganyň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklygyna giň ýol açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle düýpli bilim we terbiýe bermek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň öňünde wajyp wezipe bolup durýar.

Bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin mugallym täzelikleri gözleýji, döredijilikli işleýän, çagalaryň ýaş we häsiýet aýratynlygyny oňat bilýän, kärini söýýän adam bolmalydyr.

Okuw işiniň guralyşyna aýratyn üns berilýän häzirki döwürde okuw sapaklary guralanda multimedia serişdelerini, öwrediji oýunlary, materiallary peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Sapakda okatmagyň interaktiw usulyny ulanmak okuwçylaryň alan bilimlerini durmuşda ulanyp bilmeklerine ýardam edýär. Sapakda ulanýan görkezme esbaplarymyz çagalarda Watana, milli gymmatlyklarymyza, ata-enesine, özünden ululara, kiçilere söýgi we buýsanç duýgusyny döretmäge ýardam edýär. Sapaklarda berilýän terbiýe ýaş nesliň hemmetaraplaýyn, sazlaşykly ösen, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir. Biz her bir sapagymyzda, synpdan daşary geçirýän terbiýeçilik çärelerimizde «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky dürdänelere salgylanýarys. Bu kitap müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözlerini özünde jemleýär. Ol halkymyzyň durmuş pelsepesini, ylym, bilim boýunça öwütlerini, watançylyk we gahrymançylyk ündewlerini nesihat edýän paýhas hazynasydyr. Biz ýaş nesle terbiýe bermekde bu kitapdaky pähimlere salgylanyp, sözleri doly manysy bilen düşündirip, olaryň ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin, halal zähmete bolan guwanç duýgusyny döretmek üçin yhlas edýäris.

 

Altyn KÖPIKLIÝEWA,

Köneürgenç şäherindäki

daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen

8-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

“Mugallymlar” gazeti,

18.07.2022ý.

Meňzeş habarlar