TALYPLYGA DALAŞGÄRLER RESMINAMALARYNY TABŞYRÝAR

Hormatly Prezidentimiziň 8-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli resminamalara gol çekmegi bilen baglylykda, şu günler berkarar Watanymyzda talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi ýaýbaňlandyrylan derejede dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu möhüm çärä biziň welaýatymyzda hem jogapkärli çemeleşilýär.

Talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek çäresi üçin Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 16-njy hem-de takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdeplerde ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulypdyr. Şu günler agzalan bilim ojaklarynda ýörite döredilen iş toparlary hereket edip, degişli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edýärler.

Ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde bolanymyzda möhüm çäräniň guramaçylykly ýola goýlandygyna göz ýetirdik. Bu ýerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Türkmen döwlet maliýe institutyna girmek isleýän ýaşlar degişli resminamalaryny bökdençsiz tabşyrýarlar.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň tertibi we olardaky hünärler bilen tanyşdyrýan diwarlyklar görnükli ýerlerde goýlupdyr. Talyplyga dalaşgärler şol diwarlyklar arkaly özlerini gyzyklandyrýan, höwes edýän hünärler boýunça gerekli maglumatlary alyp bilýärler. Degişli bilim ojaklarynyň mugallymlary dalaşgärleriň gyzyklanýan sowallaryna jogap we degerli maslahatlaryny berýärler, talyplar bolsa, resminamalary dogry doldurmak bilen baglanyşykly olara ýardamyny gaýgyrmaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom bermek babatda edýän tagallasy ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Munuň şeýledigine talyp bolmagy ýüregine besläp, şu günler resminamalaryny iş toparlaryna tabşyrýan dalaşgärler bilen söhbet bolanyňda-da göz ýetirýärsiň. Arkadagly döwrüniň şeýle bagtyýar ýaşlaryna «Belent maksadyňyz myrat tapsyn!» diýýäris.

 

Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçy.

“Ahal durmuşy” gazeti,

 

20.07.2022ý.

Meňzeş habarlar