Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam etdirýäris.
Kähalatlarda buýruk beriji äheňiň juda zerur ýerleri bardyr. Emma ol çaga bilen bilelikde işlenilende, gaça durmaly usuldyr. Üns berip göräýiň, onuň peýda bolmagy bilelikdäki işiň bes etmegine getirer. Aslynda-da, bilelikde diýmek — deňlik diýmek. Şonuň üçinem çaganyň üstünden agalyk etmegiň geregi ýok. Bu ýagdaýy — çaga bilen deň hukukly işlemegi ene-atalaryň aňyna has mäkäm ornaşdyrmak üçin iş tejribämde duş gelen bir wakany mysal getireýin.
Oglanjygyň beden taýdan gowşak hem çepiksijedigi üçin ene-atasy maşk etmegi onuň gulagyna guýýar. Munuň üçin oglanjyga türgenleşik enjamlary hem satyn alnyp berilýär. Onda sporta, umumy beden maşklary bilen meşgullanmaga höwesi oýarmak üçin kakasy häli-şindi bu enjamlarda türgenleşip görkezýär. Emma ähli tagallalar netijesiz galýar. Oglanjykda ne maşk etmäge, ne-de sporta gyzyklanma döreýär.
Gürrüň bermegine görä, bu ýagdaýdan nädip baş alyp çykmalydygy hakynda onuň ejesi köp oýlanypdyr. Ahyry hem, ol ogluny özi bilen ýaryşmaga çagyrypdyr. Türgenleşik enjamlary ýerleşdirilen otagyň diwaryndan özi we ogly üçin niýetlenilen tablisaly kagyz asypdyr. Her gün «ýaryşa gatnaşyjylar» şol tablisa näçe gezek türnikden aslyşmak, oturyp-turmak ýaly we beýleki maşklary ýerine ýetirendikleri barada maglumaty bellik edipdirler. Dessine ýokary netije gazanmak oglanjyga-da, ejesine-de başartmandyr. Olar ýuwaşlyk bilen maşklary ýerine ýetirmäge uýgunlaşypdyrlar. Oglanjyk garşydaşynyň — ejesiniň görkezen netijesiniň özünden öňe geçmezligi üçin jan edipdir. Ejesi hem munuň üçin köp yhlas etmeli bolupdyr. Şunlukda, iki aý dowam eden «ýaryşyň» netijesinde oglanjykda maşk ýerine ýetirmek endigi terbiýelenipdir.
Ene-atany we çagany buýruk beriji äheňden halas etmegiň ýene bir gymmatly usulyny siziň bilen paýlaşaýyn. Ol L.S.Wygotskiniň açyşy bilen bagly bolup, ylmy we amaly barlaglar arkaly ençeme gezek ykrar edildi.
Wygotskiý belli-belli döwürlerde goşmaça serişdeler arkaly ýardam berlen halatynda, çaganyň öz işlerini guramagy çalt we ýeňil öwrenýändiginiň üstüni açdy. Şeýle goşmaça serişdeler hökmünde ýerine ýetirilmeli işleriň sanawy, bellikler, tablisalar, shemalar, suratlar, ýatlatmalar we beýlekiler hyzmat edýär.
Bu serişdeleriň ulularyň buýruk beriji äheňi bilen aýdylan sözler däl-de, olaryň ýerini tutujylardygyna ünsüňizi çekesim gelýär. Çaga olardan özbaşdak peýdalanýar. Bu bolsa onuň özüni we öz işlerini guramagy başarmagynyň ýarty ýoludyr. Şu ýerde iş tejribämde duş gelen ýagdaýa salgylanyp, bir maşgalada goşmaça serişdeler arkaly ene-atanyň guramaçylyk wezipesiniň ep-esli bölegini çaganyň özbaşdak ýerine ýetirmegini gazanandygyny aýdasym gelýär.
Andreý 6 ýaşyndady. Şonuň üçin-de ene-atasynyň ondan özbaşdak geýinmegi talap etmegi ýerliklidi. Şol wagtlar gyş pasly dowam edýärdi. Daşaryk çykmak üçinem gat-gat geýinmelidi. Bu ýagdaý çagada alasarmyklygy döredýän eken. Käte ol jorabyny geýen dessine daşary çykmaga barýar, käte-de güpbüsinidir gulakjynyny geýip, aýagy ýalaňaç gapa ýönelýär. Şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanýandygy, ünssüzdigi üçin ene-atasy oňa käýinýärdi. Çaga bilen ene-atanyň arasyndaky bu dawaly ýagdaýyň günüň gününe dowam edýändigi üçin olar, ahyrsoňy, psihologa ýüz tutýarlar. Onuň maslahaty maşgalanyň çaga bilen gatnaşygyndaky bu düşünişmezligiň aradan aýrylmagyna ýardam edýär. Psiholog ene-ata daşky gapynyň agzynda çaganyň gyş paslynda egnine geýmeli geýimleriniň sanawyny ýazmagy ündeýär. Sanawyň uzyndygyna, ýagny 9 punktdan ybaratdygyna garamazdan, bogunlap okamagy başarýandygy sebäpli, oglanjyk oňa seredip, ýadyndan çykaran geýimlerini özbaşdak geýinýär. Şeýle-de bolsa, köp wagty almazlygy üçin ene-ata perzendi bilen bilelikde her sözüň ýanynda oňa degişli geýimiň suratyny çekip goýýarlar.
Çözgüdiň tapylmagy bilen maşgalada rahatlyk höküm sürüp başlaýar. Oglanjyk bolsa her gezek daşaryk çykmakçy bolanynda, barmajygy bilen şol sanawy yzarlaýar we zerur geýimini tapyp, ony geýýär. Bu onuň özbaşdak meşgullanýan wagtyny hem artdyrýar.
***
Çaga bilen ene-atanyň «hyzmatdaşlygynda» häli-şindi ýüze çykýan ýene bir dawaly ýagdaýyň üstünde durup geçeliň. Käbir ene-atalar perzendi bilen geregindenem artyk wagt geçirmäge, oňa hemaýat etmäge juda ilgezikdir. Olar çaga buýruk beriji äheň bilen-de ýüzlenmeýärler, gatyrganmaýarlar, tankyt-da etmeýärler. Şeýle-de bolsa, näme üçindir perzent bilen «hyzmatdaşlyk» oňyn netijesini bermeýär. Bu, köplenç, çendenaşa aladaçyl ene-atalaryň duçar bolýan ýagdaýydyr. Şeýle ene-atalar çagalaryna olaryň isleýşindenem köp zady bagyş edýärler.
Şuňa mysal hökmünde bir wakany ýatlamak isleýän. Ýyllaryň geçendigine garamazdan, ol meniň ýadymda berk saklanyp galypdyr. Kawkazda gyşky dynç alyş günleridi. Ýörite döredilen buzly eňňitlerden ulular-da, kiçiler-de bat bilen aşaklygyna typýardy. Typylýan ýodanyň biraz aşagynda uly bolmadyk topar — on ýaşlyja gyzjagaz we onuň ejesi bilen kakasy durdy. Olara seredenimde, ilki bilen, gyzjagazyň typmak üçin niýetlenen täp-täzeje aýakgabynda hem-de egnindäki gymmatbahaly güpbüsinde gözüm eglendi. Bu, elbetde, ol wagtlar hemme çaga miýesser edýän zat däldi.
Olaryň bir zat hakynda jedelleşýändigi daşyndan hem düşnüklidi. Biraz golaýlaryna gelenimden soň, şeýle gürrüňler gulagyma ildi:
— Gyzym jan — kakasy janygyp aýdýardy. — Hany, iň bolmanda ýekeje öwrüm edip göräý.
— Ýok, etjek däl — gyzjagaz kejirlik bilen iki ýana çaýkandy.
— Haýyş edýän, gyzym — ejesi gürrüňe goşuldy. — Eliňdäki taýajyklary azajyk öňe direseň ýeterlik, seret, häzir kakaňam saňa görkezer.
Kakasy typmak üçin ýerine ýetirmeli hereketleri duran ýerinde görkezdi.
— Ýok, islämok, typjak däl! — diýip, gyzjagaz ýüzüni aňryk öwürdi.
— Gyzym, biz yhlas etdig-ä, seniň bu ýerde typyp görmegiň üçin ýörite geldik, petek satyn aldyk...
— Men näme sizden muny haýyş etdimmi?!
Bu jedelli gürrüňleri eşidip, öz ýanymdan pikir öwürdim. Gör, dünýäde gyzjagazyň egnindäki güpbüsinedir typmak üçin niýetlenilen aýakgabyna, bu ajaýyp dynç alyş künjegine gelip görmäge, typmaga höwes edýän çagalaryň näçesi bardyr? Bezemen gyzjagazda bolsa olaryň ählisi bar. Emma ol edil altyn kapasadaky guş ýaly hiç zat islemeýär. Dogrusy, oňa-da düşünmeli, her bir islegiňi berjaý etmek üçin elini çyzgap, ylgap duran ene-ataň barka, nämedir bir zat islemegiň özem kyndyr.
Redaksiýadan: Gazetimiziň indiki sanlarynda awtoryň ene-atalara «goşmaça kömekçi serişdeler: ene-atalaryň tejribesinden» diýen ugurda berýän maslahatlaryny hem-de düşündirişlerini okyjylarymyza ýetirmegimizi dowam etdireris.
Özüňizi näçe bagtly duýsaňyz, çagaňyz şonça-da bagtyýardyr.
* * *
Çagalaryň özüni gowy alyp barmagy üçin olara ünsden we öwgüli sözlerden ýeterlik paý bermelidir.
* * *
Çagalaryňyzyň siz bilen ylalaşmaýanlygy tebigy ýagdaýdyr. Emma onuň sylanyşyksyzlyga ýazmagyna ýol bermäň. Olaryň garşy çykmalarydyr jedelleri hem gowudyr. Çünki ol çagada şahsy pikiriň bardygyny görkezýär. Wagty geler, ol özbaşdak durmuşda ýaşamaly bolar, şonda özbaşyna pikirlenip bilmegi ony köp kynçylyklardan halas eder. Şonuň üçin-de käbir ýagdaýlarda olaryň jedelleşýändikleri üçin begeniň.
N.Latta, psiholog.
* * *
Ene-atalaryň berjaý etmeli iň esasy pedagogik hereketi çagalaryny synlamagydyr.
Dima Ziser, psiholog.
Taýýarlan Aýsenem GURBANOWA,
«Watan» gazeti,
26.07.2022ý.