BILIMI ZOR TALYP BOLAR

Şu gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlanýar

Ak mekdebi tamamlanyňdan soň, ilkinji arzuwlaryň biri-de okuwyňy dowam etdirmek — talyp bolmak. Ýaşlaryň bilim hazynasyna eýe bolmak arzuwynyň amala aşmagy, döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler durmuşa geçirilýär, giň mümkinçilikler döredilýär. Ynha, hepdäniň ýekşenbe güni ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi tamamlandy. Ýaşlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan jogapkärli döwri ýetip geldi. «Bilimi zor talyp bolar» diýlişi ýaly, türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky iň bir jogapkärli hem tolgundyryjy pursatlar başlandy. Ilkinji synaglary ilkinji bolup tabşyrmak bolsa welaýatlardaky ýaşlaryň paýyna düşdi.

Hawa, bu gün çagalykdan kalbynda beslän arzuwyna ýetmek isleýän ýaşlar ilkinji synaglaryny tabşyrmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň bosagasyndan ätleýärler. Okuwa girmek isleýän ýaşlaryň sany geçen ýyldakydan az däl. Bu bolsa talyplyk şahadatnamasyny eline almak isleýän ýaşlarymyzdan iňňän uly taýýarlygy talap edýär, olaryň ýeňil bolmadyk synaglardan geçmelidigini aňladýar.

Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ähli ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamy barada hem aýratyn gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mekdeplerini kämilleşdirmegiň meselelerine garap, talyp şahadatnamasyna iň zehinli hem-de maksada okgunly ýaşlaryň mynasyp bolmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz giriş synaglaryny hakyky bäsdeşlik esasynda ýokary guramaçylykly geçirmegi degişli ýolbaşçylara berk tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, täze okuw ýylynda hünärleriň ençemesiniň açylýandygyny aýtmak hasda guwandyryjydyr.

Kalbynda ýokary bilim almagy besleýän ýaşlaryň dürli ugurlardan bakalawr we magistr maksatnamasy boýunça bilim alyp, ökde hünärmenler bolmagyna hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmalydyrys. Şu okuw ýylyndan orta hünär okuw mekdeplerinde hem täze hünärleriň birnäçesiniň açylmagy bilen okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany artdyryldy.

Hawa, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany artdyryldy.Täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine on bäş müň üç ýüz ýigrimi alty talyp kabul edilýän bolsa, bu geçen ýylkydan üç ýüz ýigrimi talybyň artykdygyny görkezýär.

Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine on müň dört ýüz togsan adam kabul edilýär. Bu bolsa, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, üç ýüz segsen adamyň artykdygyny aňladýar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň zerur, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda hem tagalla edýär. Türkmenistanly ýaşlaryň ençemesi, döwletara ylalaşyklara laýyklykda, dünýäniň birnäçe okuw mekdeplerinde okap, bilimlerini artdyrýarlar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly toýuna barýan ýylymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänleriň sany juda köp. Döwrebap bilim almagy hem-de arzyly hünäriniň eýesi bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, dürli ulgamlarda işlemegi arzuw edýän ruhubelent ýaşlar synaglara ykjam taýýarlandylar. Synag dersleri boýunça gat-gat kitaplary irginsiz okan ýaşlar talapkär mugallymlaryň sowallaryna anyk we dogry jogap bererler. Bu bolsa talyplyga has zehinli, ylym-bilime höwesli ýaşlary seçip almaga giň mümkinçilikleri döreder. Zehinli ýaşlaryň müňlerçesine talyp bolmak bagtynyň miýesser etjek günleri indi daşda däl.

Dalaşgärlere uly üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Kalbyňyzda besleýän arzuwyňyz hasyl bolsun, mähriban ýaşlar!

Sona DURDYÝEWA.

«Türkmenistan» gazeti,

27.07.2022.ý

Öňki makala

ÇAGANYŇ DILINI TAPYŇ!

Indiki makala

PAÝHAS JÜMLELERI

Meňzeş habarlar